Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda

21 Aprel 2023
440

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, hanym Teri Hakala hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Eamon Gilmor bilen duşuşyk boldy.

Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm gurallaryň biri bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.