"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Zenanlaryň dünýäsi dünýäni gözelleşdirýär

Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda häkimligiň mejlisler zalynda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum — hyzmatdaşlygyň täze ugry» atly dabaraly maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi. Ol golaýda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň başlyklyk etmeginde hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forumdan gelip çykýan wezipelere bagyşlandy.

Öňdebaryjylary höweslendirmek bilen

Guramamyzyň agzalaryny ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmak maksady bilen ýylyň dowamynda höweslendiriş çärelerini geçirip durýarys. Ine, golaýda ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi üstünlikli tamamlandy. Etrabymyzyň ýüpekçileri ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýan piläniň 11 tonnasyny öndürip, ýyllyk meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Üstünlige «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ussat ýüpekçileri saldamly goşant goşdular. Kurbanbaý Bekiýew, Adylbek Uzakbaýew, Gülhatyja Kurbanowa, Oguljennet Karýagdyýewa, Gurbanjemal Çaryýewa ýaly ýüpekçiler bolsa has ýokary görkezijileriň eýeleri boldular. Olara guramamyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurdyk. Şeýle netijeli çäreleri ýetip gelýän galla oragynda hem ýaýbaňlandyrarys. Etrabymyzyň tejribeli gallaçylary 2300 gektar meýdanda bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar şonça meýdandan 5200 tonna guşgursak galla ýygnamagy maksat edinýärler. Biz gallaçy kärendeçileriň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň arasynda zähmet bäsleşigini yglan edip, onuň ýeňijilerini sylaglarys. Geçen ýyllaryň iş tejribesi şeýle çemeleşmäniň oňyn netijeleri berýändigini görkezdi.

Çagalaryň goragynda

Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalar bagtly geljegimizdir» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa merkeziň lukmanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaş eneler gatnaşdylar. Maslahatda merkeziň lukmanlary ýaş enelere çagalaryň saglygyny goramak, olaryň kadaly ösüşini gazanmak bilen bagly degerli maslahatlaryny berdiler. Şeýle-de olar çykyşlarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başda durmaklarynda çaganyň saglygynyň döwlet derejesinde goralýandygyny, bu ugurda döwlet möçberindäki çäreleriň, maksatnamalaryň, taslamalaryň tutuş toplumynyň alnyp barylýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Dabaraly maslahat geçirildi

Ýakynda paýtagtymyzda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň geçirilmegi we onuň barşynda türkmen-hytaý halklarynyň arasynda ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklar bilen birlikde halkymyzyň milli we medeni gymmatlyklarynyň tutuş adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilýändigi baradaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy ildeşlerimizde uly täsir galdyrdy. Şu mynasybetli welaýat häkimliginde «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly geçirilen forum hyzmatdaşlygyň täze ugry» atly maslahata welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, talyp gyzlar, mekdep okuwçylary we kümüş saçly enelerimiz işjeň gatnaşdylar.

Müdimi sungatyň waspy

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Dünýä meşhur şanyň, türkmen halysy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa nepis sungaty döredýän çeper elli halyçy gelin-gyzlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Zerim bar, zergärim bar

Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçe medeniýet öýünde «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigiň Gyzylarbat etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Milli geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşige zergärçilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiz gatnaşdylar. Türkmeniň zergärçilik sungatynyň milli aýratynlygyny açyp görkezmek, zergäriň döredijilik ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, ýaşlarda zähmetsöýerligi ösdürmek hem-de zergärçilik sungatyna höwesi ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşyjylar senetçiligiň nesilden-nesle geçip gelýän däpleri, milli şaý-sepler, at esbaplarynyň zergärçilik bezegi barada gürrüň berdiler, ýaňlanan aýdymyň dowamynda zergärçilik işiniň bir bölegini ýerine ýetirmek boýunça başarnygyny görkezdiler, şeýle-de öz döreden işiniň özboluşlylygyny çeper sözüň, goşgynyň, aýdymyň, gazallaryň üsti bilen wasp etdiler, öz sünnäläp ýasan işleriniň sergisini guradylar. Netijede, Azatgül Atagulyýewa hem-de Arslan Garryýew ýeňiji bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Sagdyn durmuş — bagtly geljek

Şeýle at bilen Etrek etrabyndaky 8-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşi bilen bilelikde wagyz-ündew maslahatyny geçirdik. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim ulgamynyň işgärleri, mährem eneler we ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Wagyz-ündew maslahatynda edilen çykyşlarda her bir adamyň, aýratynam, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermelidigi, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmalydygy, sportuň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň uludygy durmuş mysallarynyň üsti bilen wagyz edildi. Ata Watanymyzyň ykbalynyň diňe sagdyn, ylymly-bilimli, ruhubelent, maksada okgunly ýaşlara baglydygy, ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň bildirýän ynamyny ödemek üçin ähli tagallalaryny etmelidigi nygtaldy. Ýurdumyzyň abadanlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýaş nesliň bagtyýar geljegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Türkmen halysynyň baýramyna

Ruhubelentlige beslenen dabara Düýn welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý mekanynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýä meşhur şanyň, türkmen halysy» atly dabara geçirildi. Welaýat häkimliginiň, welaýat zenanlar bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabara eli çeper halyçy we keşdeçi gelin-gyzlar, dürli ulgamda zähmet çekýän zenanlar we mährem eneler gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň, haly we keçedir palas önümleriniň, milli şaý-sepleriniň, suratkeşleriň gymmatlyklarymyzy beýan edýän eserleriniň baýramçylyk ruhunda bezelen giň sahnada guralan sergisi dabara gatnaşyjylaryň milli mirasymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.

Aýdym-sazly dabara

Ýeňijiler sylaglanyldylar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiz ýurdumyzyň çäginde hem-de halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere, ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, özleriniň zehinlerini açyp görkezmegi başarýarlar. Şol ýeňiji bolanlary ýeneki bäsleşiklere, ýaryşlara ruhlandyrmak maksady bilen geçirilen dabara şatlyk-şowhuna eýe boldy.

Bäsleşik geçirildi

Bagtyýar ýaşlaryň ylham joşguny Golaýda Marynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde TDP-niň Mary şäher komitetiniň guramagynda “Bagtyýar ýaşlaryň ylham joşguny” ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige TDP-niň şäher komitetiniň işgärleri, ýokarda ady agzalan mekdebiň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Halk ertekileri — terbiýe mekdebi Golaýda etrapdaky 1-nji çagalar bagynda “Ertekiler dünýäsine syýahat” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi we etrapdaky 2,3,4-nji çagalar baglarynyň işgärleri tarapyndan guralyp, oňa ýokarda atlary agzalan edaralaryň işgärleri, şol çagalar baglarynyň terbiýeçileri we körpejeleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Jennet Şiriýewa, 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Aýbölek Ýusubowa we beýlekiler çykyş etdiler.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Şygyrlary terbiýedir ýaşlara Golaýda etrabyň medeniýet öýünde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet öýüniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Şygyrlary terbiýedir ýaşlara” atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa TDP-niň etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary, bilim ulgamynyň, şeýle-de etrap medeniýet öýüniň işgärleri gatnaşdylar.

Röwşen geljegiň mynasyp ýaşlary

Ýakynda TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni hem-de “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli “Nurana geljege gadamlar batly!” ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilip, oňa TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň işgärleri, welaýat polisiýa müdirliginiň, welaýat baş bilim müdirliginiň işgärleri hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, Mary şäherindäki orta mekdepleriň mugallymlary we 2023-2024-nji okuw ýylynyň uçurymlary gatnaşdylar. Duşuşykda Mary şäher häkiminiň orunbasary Bahar Torumowa, şäheriň ýaşaýjysy, hormatly ýaşuly Allaýar Ýalkabow, şäheriň ýaşaýjysy, kümüş saçly ene Altyn Mämmedowa, welaýat polisiýa müdirliginiň PÝGB-niň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Toýly Babaýew, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmeni Meýlis Orazgeldiýew, Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň okuwçysy, uçurym Jeren Batyrowa, şäherdäki 6-njy orta mekdebiň okuwçysy, uçurym Ylham Röwşenow çykyş etdiler.

Wers­tap­pen ara­ny aç­ýar

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 7-nji bäs­le­şi­gi Ita­li­ýa­nyň Imo­la şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip, Emi­lia-Ro­ma­na «Gran Pri­sin­de» il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan Maks Wers­tap­pen ýe­ňiş ga­zan­dy. «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si 63 aý­la­wy 1 sa­gat 25 mi­nut 25,252 se­kunt­da ta­mam­lap, şu möw­süm­dä­ki 5-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 59-njy ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýa­ryş­da «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris 2-nji, «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň mo­na­ko­ly pi­lo­ty Şarl Lek­ler 3-nji or­ny eýe­le­di. 4-nji ýe­re «McLa­ren» to­pa­ry­nyň beý­le­ki sü­rü­ji­si, awst­ra­li­ýa­ly Os­kar Piast­ri, 5-nji or­na-da «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň beý­le­ki pi­lo­ty, is­pa­ni­ýa­ly Kar­los Saýns Ju­ni­or my­na­syp bol­dy. «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­le­ri­ — Lýu­wis Ha­mil­ton bi­len Jorj Ras­sell 6–7-nji orun­la­ry paý­laş­dy­lar. «Red Bull» to­pa­ry­nyň mek­si­ka­ly sü­rü­ji­si Ser­hio Pe­re­siň 8-nji bo­lan bäs­le­şi­gin­de «As­ton Mar­tin» to­pa­ry­nyň ka­na­da­ly sü­rü­ji­si Lans Stroll 9-njy, «Hon­da» to­pa­ry­nyň ýa­po­ni­ýa­ly pi­lo­ty Ýu­ki Tsu­no­da 10-njy ýe­ri eýe­läp, ýa­ry­şy utuk bi­len ta­mam­la­dy­lar. Ge­çi­ri­len 7 ýa­ryş­dan soň Wers­tap­pe­niň li­der­li­gi do­wam edip, onuň 163 utu­gy bar. Utu­gy­ny 113-e çy­ka­ran Lek­ler 2-nji or­na beý­gel­di. 7 ýa­ryş­da 103 utuk top­lan Pe­res 3-nji, 101 utuk­ly Nor­ris 4-nji, 93 utu­gy

Möwsümiň soňky tapgyrlary

76 ýyldan soň 4 gol geçirip, ýeňiş gazanyp bilmedi. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da-da çem­pi­on «Re­al Mad­rid» myh­man­çy­lyk­da «Wil­ýar­re­al» bi­len 4–4 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Ar­da Gü­le­riň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Wil­ýar­rea­lyň» gol­la­ry­nyň 4-si­ni hem 17 mi­nu­tyň do­wa­myn­da nor­we­gi­ýa­ly Alek­san­der Sör­lot ge­çir­di. «Re­al Mad­rid» çem­pio­nat­da 1948-nji ýyl­dan soň 1 oýun­da 4 gol ge­çi­ri­bem ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di. «Bar­se­lo­na» öz meý­dan­ça­syn­da «Ra­ýo Wal­le­ka­no­ny» 3–0 ýe­ňip, çem­pio­na­ty 2-nji orun­da ta­mam­la­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. «Al­me­ri­ýa­dan» we «Gra­na­da­dan» soň 4 möw­süm öň «La Li­ga» çy­kan «Ka­diz» 2-nji li­ga düş­di. 11 ýyldan soň 2-nji liga düşdi. Ita­li­ýa­da çem­pi­on «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «La­sio» bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. «Bo­lon­ýa»—«Ýu­wen­tus» du­şu­şy­gyn­da ýer eýe­le­ri 3–0 öňe geç­se-de, 2-nji ýa­rym­da 8 mi­nut­da 3 gol ge­çi­ren tu­rin­li­ler ýeň­liş­den ha­las bol­dy. «Sa­ler­ni­tana­dan» soň aşa­ky li­ga dü­şen to­par­la­ryň bi­ri «Sas­suo­lo» bol­dy. «Sas­suo­lo» to­pa­ry 11 ýyl­dan soň «Se­rie A» bi­len hoş­laş­dy. Aşa­ky li­ga düş­jek 3-nji to­par bol­maz­lyk üçin «Em­po­li», «Fro­zi­no­ne» hem-de «Udi­ne­ze» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da gö­reş do­wam ed­ýär.

Gol­ýaz­ma bel­lik­li ki­tap­lar ta­pyl­dy

Pol­şa­nyň Poz­nan şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Adam Mis­ke­wiç adyn­da­ky uni­wer­si­te­tiň ki­tap­ha­na­syn­da sak­lan­ýan do­gan­lar Ýa­kob we Wil­gelm Grimm­le­riň şah­sy kol­lek­si­ýa­syn­dan ola­ryň gol­ýaz­ma bel­lik­le­ri bo­lan 27 sa­ny jilt ta­pyl­dy. Bu ba­ra­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Dai­ly Ma­il» ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Do­gan­lar Grim­mle­riň gol­ýaz­ma bel­lik­le­ri, ola­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­ýän bar­lag ge­çi­ri­ji­ler üçin ga­ty mö­hüm­dir. Ikin­ji ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da Grimm­le­riň ki­tap­ha­na­syn­dan ýi­ti­ri­len diý­lip ha­sap­la­nan eser­le­riň göz­le­gi ýa­rym ýy­la go­laý wagt do­wam et­di. Ta­py­lan ki­tap­lar­da do­gan­la­ryň «Gen­zel we Gre­tel» hem «Rum­pelş­tils­hen» ýa­ly he­ka­ýa­lar üçin mow­zuk­la­ry nä­hi­li saý­lap alan­dyk­la­ry­ny gör­kez­ýän gol­ýaz­ma­lar bar.

Ýe­ne-de al­ty ki­tap ýaz­mak­çy

Iň­lis ýa­zy­jy­sy Jo­an Rou­ling «The Ti­mes» ne­şi­ri bi­len söh­bet­deş­lik­de ýe­ne al­ty kitap ýaz­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni gür­rüň ber­di. Rou­ling bu ki­tap­la­ry ýaz­mak üçin tä­ze ide­ýa­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da ýa­zy­jy de­tek­tiw Kor­mo­ran Straýk ha­kyn­da­ky se­ki­zin­ji ro­ma­ny­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. Ol bu ese­riň ýe­ne-de iki to­mu­nyň bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. «Soň ýe­ne-de ýaz­mak is­le­ýän üç ki­ta­bym bar» di­ýip, ýa­zy­jy bel­le­ýär. Rou­ling eser­le­ri­ni el­de ýaz­ma­gy, aý­ra­ty­nam, ün­sü­ni bir ýe­re jem­le­mek üçin gi­je­le­ri­ne ýaz­ma­gy go­wy gör­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ol ese­rlerini ýazmaga girişmezden öň, hat­da soň­ky bö­lüm­le­ri­ne çenli öňün­den gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän sýu­žet­le­ri do­ly bil­ýän­di­gi­ni aýd­ýar.

Ýat­la­ma­lar ki­ta­by­ çap ediler

Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­ki Kans­le­ri An­ge­la Mer­ke­liň «Er­kin­lik» at­ly ýat­la­ma­lar ki­ta­by şu ýy­lyň 26-njy no­ýab­ryn­da ki­tap dü­kan­la­ryn­da peý­da bo­lar. Bu ba­ra­da Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bild» ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Ki­ta­byň da­şyn­da sy­ýa­sat­çy ze­na­nyň alys­la­ra ga­rap du­ran keş­bi ýer­leş­di­ri­lip­dir. «Dün­ýä­niň 30 ýur­dun­da çap edil­jek bu ki­tap «bi­ziň döw­rü­mi­ziň iň tä­sir­li sy­ýa­sat­çy­sy­nyň oý-pi­kir­le­ri­ne we işi­ne çuň­ňur dü­şün­mä­ge ýar­dam be­rer» di­ýip, «Bild» ne­şi­ri ýaz­ýar. Mer­ke­liň 700 sa­hy­pa­lyk ýat­la­ma­lar ki­ta­byn­da, esa­san, 1954-2021-nji ýyl­la­ryň ara­ly­gyn­da­ky wa­ka­la­r – ça­ga­ly­gyn­dan baş­lap, tä sy­ýa­sy kar­ýe­ra­sy­na we GFR-iň hö­kü­me­ti­niň ýo­ka­ry we­zi­pe­le­rin­de iş­län döw­rü­ne çen­li ge­çen dur­muş ýo­ly ba­ra­da jik­me-jik gür­rüň be­ril­ýär. Ki­tap Kýoln şä­he­ri­niň «Kie­pen­heuer and Witsch» ne­şir­ýa­tyn­da çap edi­ler.

Buker baýragyna mynasyp boldy

Nemes ýazyjysy Jenni Erpenbek iňlis dilinde çap edilen «Kaýros» romany üçin Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Bu eserde 1980-nji ýyllarda Gündogar Berlinde bolup geçen wakalar çeper beýan edilýär. – Kitapda söýgi temasyndan başga-da, häkimiýet, sungat we medeniýet hakynda gürrüň gozgalýar – diýip, Londonda geçirilen dabarada ýeňijiniň adyny mälim eden emin agzalarynyň başlygy Eleonora Wahtel belledi. Jenni Erpenbek we eseri iňlis diline terjime eden Mihael Hofmann 50 müň funt sterling (takmynan 64 müň dollar) pul baýragyny öz aralarynda paýlaşarlar. «Kaýros» 57 ýaşly ýazyjynyň 2021-nji ýylda çap edilen we 2023-nji ýylda iňlis diline terjime edilen dördünji we häzire çenli iň soňky romanydyr.

Sow­gat

Ka­kam de­mir­çi us­sa­dy. On­çak­ly so­wa­dy hem ýok­dy. Ol uzak­ly gün us­sa­ha­na­syn­dan çyk­man, gyz­gyn pe­jiň we kö­rü­giň ba­şyn­da otu­ryp, de­mir ýen­jer­di. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­lan gü­nüm gu­tar­dyş da­ba­ra­sy­na ejem bi­len ji­gi­le­rim gel­se-de, ka­ka­myň wag­ty bol­man­dy. Men ka­ka­ma çy­nym bi­len ga­ra­şyp­dym. Da­ba­ra­dan soň, öýe do­la­na­ny­myz­da ka­ka­myň us­sa­ha­na­sy­na so­wul­dyk. Ka­kam şol öň­kü­si ýa­ly, öňi öň­lük­li, de­mir ýen­jip otyr­dy. Ejem buý­sanç bi­len oňa ga­rap: – Ine, ka­ka­sy, gör­şü­ňiz ýa­ly, bu gün og­lu­myz hem ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ab­raý bi­len ta­mam­la­dy – di­ýip, şat­ly­gy­ny paýlaşmak isledi.