Türkmen halysynyň baýramyna

24 Maý 2024
350

Ruhubelentlige beslenen dabara

Düýn welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý mekanynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýä meşhur şanyň, türkmen halysy» atly dabara geçirildi. Welaýat häkimliginiň, welaýat zenanlar bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabara eli çeper halyçy we keşdeçi gelin-gyzlar, dürli ulgamda zähmet çekýän zenanlar we mährem eneler gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň, haly we keçedir palas önümleriniň, milli şaý-sepleriniň, suratkeşleriň gymmatlyklarymyzy beýan edýän eserleriniň baýramçylyk ruhunda bezelen giň sahnada guralan sergisi dabara gatnaşyjylaryň milli mirasymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.