Germaniýanyň öňki Kansleri Angela Merkeliň «Erkinlik» atly ýatlamalar kitaby şu ýylyň 26-njy noýabrynda kitap dükanlarynda peýda bolar. Bu barada Germaniýanyň «Bild» neşiri habar berýär. Kitabyň daşynda syýasatçy zenanyň alyslara garap duran keşbi ýerleşdirilipdir.
«Dünýäniň 30 ýurdunda çap ediljek bu kitap «biziň döwrümiziň iň täsirli syýasatçysynyň oý-pikirlerine we işine çuňňur düşünmäge ýardam berer» diýip, «Bild» neşiri ýazýar. Merkeliň 700 sahypalyk ýatlamalar kitabynda, esasan, 1954-2021-nji ýyllaryň aralygyndaky wakalar – çagalygyndan başlap, tä syýasy karýerasyna we GFR-iň hökümetiniň ýokary wezipelerinde işlän döwrüne çenli geçen durmuş ýoly barada jikme-jik gürrüň berilýär. Kitap Kýoln şäheriniň «Kiepenheuer and Witsch» neşirýatynda çap ediler.