Formula 1 boýunça möwsümiň 7-nji bäsleşigi Italiýanyň Imola şäherinde geçirilip, Emilia-Romana «Gran Prisinde» ilkinji hatardan başlan Maks Werstappen ýeňiş gazandy. «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi 63 aýlawy 1 sagat 25 minut 25,252 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki 5-nji, karýerasyndaky 59-njy ýeňşini baýram etdi. Ýaryşda «McLaren» toparynyň britan sürüjisi Lando Norris 2-nji, «Ferrari» toparynyň monakoly piloty Şarl Lekler 3-nji orny eýeledi. 4-nji ýere «McLaren» toparynyň beýleki sürüjisi, awstraliýaly Oskar Piastri, 5-nji orna-da «Ferrari» toparynyň beýleki piloty, ispaniýaly Karlos Saýns Junior mynasyp boldy. «Mercedes» toparynyň britan sürüjileri — Lýuwis Hamilton bilen Jorj Rassell 6–7-nji orunlary paýlaşdylar. «Red Bull» toparynyň meksikaly sürüjisi Serhio Peresiň 8-nji bolan bäsleşiginde «Aston Martin» toparynyň kanadaly sürüjisi Lans Stroll 9-njy, «Honda» toparynyň ýaponiýaly piloty Ýuki Tsunoda 10-njy ýeri eýeläp, ýaryşy utuk bilen tamamladylar.
Geçirilen 7 ýaryşdan soň Werstappeniň liderligi dowam edip, onuň 163 utugy bar. Utugyny 113-e çykaran Lekler 2-nji orna beýgeldi. 7 ýaryşda 103 utuk toplan Peres 3-nji, 101 utukly Norris 4-nji, 93 utugy bolan Saýns 5-nji ýerde barýar.