Zerim bar, zergärim bar

24 Maý 2024
301

Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçe medeniýet öýünde «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigiň Gyzylarbat etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Milli geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşige zergärçilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Türkmeniň zergärçilik sungatynyň milli aýratynlygyny açyp görkezmek, zergäriň döredijilik ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, ýaşlarda zähmetsöýerligi ösdürmek hem-de zergärçilik sungatyna höwesi ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşyjylar senetçiligiň nesilden-nesle geçip gelýän däpleri, milli şaý-sepler, at esbaplarynyň zergärçilik bezegi barada gürrüň berdiler, ýaňlanan aýdymyň dowamynda zergärçilik işiniň bir bölegini ýerine ýetirmek boýunça başarnygyny görkezdiler, şeýle-de öz döreden işiniň özboluşlylygyny çeper sözüň, goşgynyň, aýdymyň, gazallaryň üsti bilen wasp etdiler, öz sünnäläp ýasan işleriniň sergisini guradylar. Netijede, Azatgül Atagulyýewa hem-de Arslan Garryýew ýeňiji bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Şemşat Gurbannazarowa,
Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.