Möwsümiň soňky tapgyrlary

24 Maý 2024
235

76 ýyldan soň 4 gol geçirip, ýeňiş gazanyp bilmedi. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da-da çem­pi­on «Re­al Mad­rid» myh­man­çy­lyk­da «Wil­ýar­re­al» bi­len 4–4 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Ar­da Gü­le­riň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Wil­ýar­rea­lyň» gol­la­ry­nyň 4-si­ni hem 17 mi­nu­tyň do­wa­myn­da nor­we­gi­ýa­ly Alek­san­der Sör­lot ge­çir­di. «Re­al Mad­rid» çem­pio­nat­da 1948-nji ýyl­dan soň 1 oýun­da 4 gol ge­çi­ri­bem ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di. «Bar­se­lo­na» öz meý­dan­ça­syn­da «Ra­ýo Wal­le­ka­no­ny» 3–0 ýe­ňip, çem­pio­na­ty 2-nji orun­da ta­mam­la­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. «Al­me­ri­ýa­dan» we «Gra­na­da­dan» soň 4 möw­süm öň «La Li­ga» çy­kan «Ka­diz» 2-nji li­ga düş­di.

11 ýyldan soň 2-nji liga düşdi. Ita­li­ýa­da çem­pi­on «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «La­sio» bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. «Bo­lon­ýa»—«Ýu­wen­tus» du­şu­şy­gyn­da ýer eýe­le­ri 3–0 öňe geç­se-de, 2-nji ýa­rym­da 8 mi­nut­da 3 gol ge­çi­ren tu­rin­li­ler ýeň­liş­den ha­las bol­dy. «Sa­ler­ni­tana­dan» soň aşa­ky li­ga dü­şen to­par­la­ryň bi­ri «Sas­suo­lo» bol­dy. «Sas­suo­lo» to­pa­ry 11 ýyl­dan soň «Se­rie A» bi­len hoş­laş­dy. Aşa­ky li­ga düş­jek 3-nji to­par bol­maz­lyk üçin «Em­po­li», «Fro­zi­no­ne» hem-de «Udi­ne­ze» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da gö­reş do­wam ed­ýär.