Ýe­ne-de al­ty ki­tap ýaz­mak­çy

24 Maý 2024
203

Iň­lis ýa­zy­jy­sy Jo­an Rou­ling «The Ti­mes» ne­şi­ri bi­len söh­bet­deş­lik­de ýe­ne al­ty kitap ýaz­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni gür­rüň ber­di. Rou­ling bu ki­tap­la­ry ýaz­mak üçin tä­ze ide­ýa­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da ýa­zy­jy de­tek­tiw Kor­mo­ran Straýk ha­kyn­da­ky se­ki­zin­ji ro­ma­ny­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. Ol bu ese­riň ýe­ne-de iki to­mu­nyň bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. «Soň ýe­ne-de ýaz­mak is­le­ýän üç ki­ta­bym bar» di­ýip, ýa­zy­jy bel­le­ýär.

Rou­ling eser­le­ri­ni el­de ýaz­ma­gy, aý­ra­ty­nam, ün­sü­ni bir ýe­re jem­le­mek üçin gi­je­le­ri­ne ýaz­ma­gy go­wy gör­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ol ese­rlerini ýazmaga girişmezden öň, hat­da soň­ky bö­lüm­le­ri­ne çenli öňün­den gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän sýu­žet­le­ri do­ly bil­ýän­di­gi­ni aýd­ýar.