Sagdyn durmuş — bagtly geljek

24 Maý 2024
267

Şeýle at bilen Etrek etrabyndaky 8-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşi bilen bilelikde wagyz-ündew maslahatyny geçirdik. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim ulgamynyň işgärleri, mährem eneler we ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Wagyz-ündew maslahatynda edilen çykyşlarda her bir adamyň, aýratynam, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermelidigi, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmalydygy, sportuň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň uludygy durmuş mysallarynyň üsti bilen wagyz edildi. Ata Watanymyzyň ykbalynyň diňe sagdyn, ylymly-bilimli, ruhubelent, maksada okgunly ýaşlara baglydygy, ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň bildirýän ynamyny ödemek üçin ähli tagallalaryny etmelidigi nygtaldy. Ýurdumyzyň abadanlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýaş nesliň bagtyýar geljegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Nurmyrat Höwezow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Etrek etrap birleşmesiniň başlygy.