Çagalaryň goragynda

24 Maý 2024
467

Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalar bagtly geljegimizdir» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa merkeziň lukmanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaş eneler gatnaşdylar.

Maslahatda merkeziň lukmanlary ýaş enelere çagalaryň saglygyny goramak, olaryň kadaly ösüşini gazanmak bilen bagly degerli maslahatlaryny berdiler. Şeýle-de olar çykyşlarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başda durmaklarynda çaganyň saglygynyň döwlet derejesinde goralýandygyny, bu ugurda döwlet möçberindäki çäreleriň, maksatnamalaryň, taslamalaryň tutuş toplumynyň alnyp barylýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Erkin METTIÝEW,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.