"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Piliň ýüpi

(Tymsal) Bir adam pilleriň sürüsiniň ýanyndan geçip barýan eken. Esewan etse, uzyn burunly äpet jandarlaryň öň aýaklary inçejik ýüpjagazlar bilen daňylgy eken. Ýüpüň inçedigine garamazdan, äpet piller ýüpden boşanmaga synanyşmaýan eken. Tersine, olar özlerini diýseň rahat duýýarmyşyn. Bu ýagdaýy bir salym synlap duran hälki ýolagçy pilleriň eýesinden onuň sebäbini haýran galmak bilen sorapdyr. Baş öwrediji oňa seredip:

Täjik nakyllary

Aýnadan her kim özüni görýär. *  *  *

Dumly-duşdan dürli-dümen

Daşa öwrülen dinozawr Russiýanyň Kemerowa oblastynda Kiýa derýasynyň kenarynda dinozawryň täze görnüşiniň daşa öwrülen galyndysy ýüze çykaryldy. Ol iki uzyn aýagynda hereket eden äpet dinozawryň galyndysydyr. Alymlar şeýle dinozawrlaryň, takmynan, 40 million ýyl mundan ozal, irki hek döwründe ýaşap geçendigini aýdýarlar. Şol döwürlerde şunuň ýaly jandarlar beýleki materiklerde ýitip ýok bolup gitseler-de, bu ýerlerde ýaşamagyny dowam etdiripdirler. Olaryň boýun oňurgasynyň, çigin süňküniň, öň we art aýaklarynyň süňkleriniň böleklerini ýüze çykarmak başartdy. Süňk dokumalarynyň tomografiýa seljermesi bu ýerden tapylan galyndynyň bedeni doly ösmedik ýaş dinozawra degişli bolup durýandygyny görkezdi. Art aýaklarynyň gurluşy onuň örän çakgan hereket edendigini subut edýär.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Tejen etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň guramagynda etrapdaky 30-njy çagalar bagynda “Bagtyýar çagalygyň mekany” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabara körpe nesliň wekilleri gatnaşdy.  Dabarada şanly sene mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy, çagalar bagyna gatnaýan körpeler ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymdyr goşgulary bilen çykyş edip, öz başarnyklaryny görkezdiler. Joşguna beslenen şol çykyşlarda ýaş nesliň beýik döwrümize bolan buýsanjy aýdyň ýüze çykdy.

Akyldar şahyra bagyşlandy

Öňňin Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň diwanynda zähmet çekýän hünärmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, Guramanyň köpçülikleýin we daşary ýurtly şahsy agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň halypa mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda okuw mekdebiniň mejlisler zalynda «Arkadag we Pyragynyň taglymaty ýörelge, dost-doganlyk syýasaty adamzada görelde» ady bilen dabaraly, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilelikde guralan bu maslahatyň maksady akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny giňden dabaralandyrmakdan, bu babatda Birleşigiň we onuň daşary ýurt bölümleriniň alyp barýan işleri, ol ýerlerde milli ýörelgelerimiziň: dilimiziň, urp-adatdyr däp-dessurlarymyzyň dowam edilişi, ata Watanymyzyň toýdur baýramlary, şanly seneleri mynasybetli hem-de yzygiderli guralýan dabaraly, wagyz-nesihat çäreleri hakynda bagtyýar ildeşlerimize, talyp ýaşlara ýetirmekden ybarat boldy.

1-nji iýundan Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawy hereket edip başlar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-njy iýundan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar. Bu ugur boýunça awtobus hepdäniň ähli güni sagat 06:00-da Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunda ýerleşýän halkara awtomenzilden ýola düşýär, 13:00-da bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgadan yzyna ugraýar. Şäherara awtobus gatnawyny amala aşyrýan raýatlar degişli kassalardan petekleri satyn alyp bilerler. 

«Türkmenpoçta» internet dükanynyň sargytlaryny müşderilerine gysga wagtda eltip berýär

«PostShop» — elektronika enjamlaryndan we hojalyk tehnikalaryndan başlap, egin-eşik, oýunjak we öý harytlaryna çenli ähli zerur zatlaryň bir ýere jemlenen dükanydyr. Dürli dükanlardan harytlary gözlemäge wagt ýitirmek islemeýän bolsaňyz, shop.post.tm marketpleýsine girip, özüňize gerek bolan islendik zady sargyt ediň. «PostShop» internet dükany — bu önümleriň köpdürlüligi, ulanyjy üçin amatly interfeýs hem-de Türkmenistanda tiz eltip bermek hyzmatydyr.

Beýik geljegiň ak ýolunda

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatly özgertmeleri — parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň we röwşen geljegiň aýdyň dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalaryň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlanan maslahata Mejlisiň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen ösüş-özgerişleriň üstünlikli dowam edýändiginiň örän buýsandyryjydygy nygtaldy. Maý aýynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr we paýtagtymyzda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy hem-de ilata ýokary hilli hyzmat etmegi üçin täze, döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat ber

Nepis sungat — halkyň buýsanjy

Türkmen dokmaçylygy barada söz açylsa, bada-bat haly göz öňüňde janlanýar. Inçelik bilen, juda nepis dokalan türkmen halylarynda ene-mamalarymyzyň mähir-yhlasy, arzuw-hyýallary jemlenendir. Gözüň ýagyny iýip barýan, biri beýlekisinden owadan halylar wagt geçdigiçe görküni ýitirmän, barha reňk açýar. Türkmen halysynyň reňk sazlaşygy onuň ýüplüginiň saryja goýnuň ýüňünden alynmagynda we tebigy ot-çöplerden taýýarlanylýan boýaglara boýalmagyndandyr. Ösümliklerden taýýarlanylan tebigy boýaglar solmaýar. Keserlerine ezberlik bilen erk eden ene-mamalarymyz darak urgularyny-da ýerinde sazlap, halylaryň syk dokalmagyny gazanypdyrlar. Şonuň üçin türkmen halysy özüniň gadyr-gymmatyny, şan-şöhratyny barha artdyrýar. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynda-da her bir baýrama özboluşly zähmet sowgatlary taýýarlanylýar. Kärhananyň ezber halyçylary özleriniň hünär baýramçylygyny ýokary ruhubelentlikde belläp geçdiler. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe kärhana boýunça jemi 520 inedördül metr haly we haly önümlerini dokap, jemi 1 million 266 müň 104 manatlyk önüm öndürmek bilen, ýokary zähmet netijelerini gazandylar.

Arçyn zenan

Mekdep okuwçysykam «Kärizgenler» çeper filmine tomaşa etmegi diýseň halardym. Ylaýta-da, şol filmdäki kolhoz başlygy Bahargül gelnejäniň, ýagny türkmeniň at üstündäki gaýratly zenanynyň keşbi hiç göz öňümden gitmeýär. Onuň bedew atyň üstünde merdem oturyşyna, gaýratlylygyna haýran galardym. «Kärizgenler» çeper filmini ýatlamak bilen, häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşýan, halal zähmeti bilen köplere görelde bolýan zenanlaryň az däldigini nygtasym geldi.

Arassa agyz suwy — ýaşaýşa gönezlik

Suw — ýaşaýşyň çeşmesi, suw — diriligiň gözbaşy, suw — barlygyň berekedi. Şonuň üçin-de, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Suw halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmagyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridir. Şeýle bolansoň, garaşsyzlyk ýyllarynda iri taslamalaryň onlarçasy — suw arassalaýjy kärhanalaryň, suw howdanlarynyň we beýleki desgalaryň taslamalary durmuşa geçirildi. Ilatyň ýaşaýyş dowamaty, saglygy bilen baglanyşykly şeýle işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de yzygiderli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda häzirki zaman suw arassalaýjy desgasynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem şaýatlyk edýär. Bu desganyň suw howuzlarynda jemlenýän arassa agyz suwy iki ugur boýunça akdyrylyp, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna ýetirilýär. Desgada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy arassa agyz suwuna bolan elýeterliligi üpjün etmekde, ulgama häzirki zaman suw arassalaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň netijesidir. Şeýle tagallalar ýurdumyzda agyz suwy bilen baglanyşykly işleri ýokary derejede alyp barmaga, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik ber

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Pederlerimiz «Hakyň didaryny gören» diýip, suwy keramatly saýypdyrlar. Bol suwly derýalar, dury suwly çeşmeler bereketli topragymyzy, giň sähralarymyzy, düzlüklerimizi çemenzarlyga, lälezarlyga öwürýär. Akar suwuň gudraty bilen ene toprakdan alynýan bol hasyl mukaddes saçaklarymyzyň berekedini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň çar künjeginde agyz suwuny arassalaýjy desgalar, dik guýular yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Şeýle desgalaryň biri Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde gurlup, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýakynda açylyp ulanmaga berildi. Bu döwrebap desga Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda açylan täze binalaryň üstüni ýetirdi. «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylmagy her damjasy arzyly, gudratly suwuň halkymyzyň durmuşyna eşret bolup dolmagy üçin hormatly Prezidentimiziň uly tagalla edýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsine öwrüldi. Bu babatdan, döwlet Baştutanymyz: «Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek babatda alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri-de ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr» diýip belleýär.

Zenan dünýäsi: dostlukly ýollaryň ynam daragty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary göwünlere gözellik, kalba ruhubelentlik berýän joşguny bilen has täsirli hem ajaýyp. Bu aýda taryhy wakalar, göwün galkyndyryjy toý-baýramlar goşa-goşadan geldi. Paýtagtymyzda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň geçirilmegi we onuň bilen sazlaşyp, ugurdaş dowam eden wakalar hem bu aýyň ýatdan çykmajak çäreleriniň hataryny baýlaşdyrdy. Ahal welaýat häkimligi bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum — hyzmatdaşlygyň täze ugry» atly maslahat hem şol forumyň taryhy ähmiýetine bagyşlandy. Maslahatyň geçirilýän ýerini milli röwüşli gözellige beslenen baýramçylyk gurşawy görke getirdi. Medeniýet öýüniň gül düşelen ýaly, gyrmyzy halyly eýwany sergi meýdançasyna öwrüldi. Onuň görnükli ýerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplaryny, Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda neşir edilen şygyr diwanlaryny hem-de ruhy baýlygyň çeşmesi bolan ençeme beýleki kitaplary öz içine alýan kitap sergisi gurnalypdyr. Döwre şekilinde goýlan tekjelerde bolsa, haly-palas hem-de sowgatlyk önümler, göze gelüwli torbalar, ketenä salnan milli nagyşlar we amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalary, şol sanda, zergärçiligiň sepgitlerini görkezýän milli r

Hoş gal, mekdep ýyllarym!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tamamlanan 2023-2024-nji okuw ýylynda welaýatymyz boýunça ýaşlaryň 11 müň 67-si mekdep uçurymlary bolup, bilim ojaklary bilen hoşlaşdy. Şoňa görä-de, «Soňky jaň» dabaralary şol bagtyýar ýaşlar üçin tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Welaýatymyzyň göreldeli mekdep uçurymlary günüň ir säherinde Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebe baryp, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet aganyň nurana ýadygärligine gül goýmak çäresine gatnaşdylar. Mekdep uçurymlary watançy esger, halypa mugallym, ilhalar ynsan bolan bu beýik şahsyýetiň ruhuna tagzym edip, ýadygärlige baharyň ter güllerinden boglan çemenleri goýdular. Soňra bilim ojagyndaky muzeýe aýlanyp gördüler.

Bagta badalgaly günler

25-nji maý. Bu jümle her birimiziň köňlümizde ömrümizdäki iň ýakymly günler bilen bagly ýatlamalary oýarýan bolsa gerek. Islendik ýaşda bolsaň hem, «uçurym» diýen täsin we täsire baý jümlä gözüň kaklyşanda, ýüregiňde duýga örklenen üýtgeşik oýlar peýda bolýar. Ynsan ömrüne bezeg çaýyp, ony mertebelendirýän pursatlaryň biri hem «Soňky jaň» dabarasy bilen bagly. Her birimiziň ykbalymyzdan üzňe bolmadyk bu dabaraly pursatlar hakydamyza keşde kimin gaýalyp, gursagymyzyň töründe ornansoň, «uçurym» diýlen ýazgyny görenimizden, ýaşlyk ýyllarymyza sary ýatlamalara berlenimizi duýman galýarys. Ajap döwrümiziň bagtyýar ýaşlarynyň — uçurymlarynyň ýüz-gözündäki buýsanja nazaryň kaklyşanda we olaryň ýüreklerindäki hoşallyga beslenen sözlerini diňläniňde, kalbyň kanagat tapyp, durkuň ekezlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsan ykbalyny gülletmek baradaky belent başlangyçlarynyň netijesi ömürleri galkyndyryp, göwünleri dokundyrýar, ýurt kuwwaty we nesil dowamaty saýylýan ýaşlarymyzy bolsa belent badalgaly maksatlara ruhlandyrýar.

Ýaş nesil — röwşen geljegimiz

Maşgala jemgyýetiň ilkinji düzüm bölegi bolmak bilen, ol bagtyýar durmuşyň berk daýanjy we edep-terbiýe ojagy hasaplanýar. Edep-terbiýe ojagy hasaplanýan agzybir maşgala jemgyýeti jebisleşdirýär, ata Watanymyzy kuwwatlandyrýar. Maşgaladaky ilkinji terbiýe kämil çaganyň kemala gelmeginde uly orun tutýar. Çaga terbiýesine ene-atalar bilen birlikde, maşgalanyň ähli agzalary hem gatnaşýar. Şeýle hem çaganyň ýokary ahlakly, giň düşünjeli bolup ýetişmeginde jemgyýetiň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen maşgalasynda kemala gelýän ýaş nesle berilýän edep-terbiýäniň many-mazmuny giň hem köptaraplydyr. Maşgala terbiýesi jemgyýetçilik terbiýesiniň iň bir ähmiýetli we özboluşly tarapydyr. Onuň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, ösýän şahsyýete ilkinji durmuş sapaklaryny berýänligindedir. Çaga geljekdäki durmuş hereketlerine we onda özüňi alyp barmagyň dürli tärlerine gollanma alýar. Maşgala we jemgyýetçilik terbiýesi çagalaryň hem-de terbiýeçileriň öz aralaryndaky gatnaşyklary esasynda gurulýar. Çaga terbiýesi, durmuşda köp öwrenilmeli zerur meseleleriň biridir. Her bir halkda bolşy ýaly, türkmen halkynda-da çaga, nesil terbiýesi, ol hakdaky däpler öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Halkyň döredip, uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, bagtyýar döwrümize ýetiren ruhy mirasy bu günki günde terbiýe meselesinde iňňän uly ähmiýete eýe. Halk döredijiligi, ylaýta-da, nakyllar ýol görkeziji şamçy

Türkmeniň nepis halysy – asyrlaryň owazy

Babadaýhan etrabyndaky Dokma toplumynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Türkmeniň nepis halysy — asyrlaryň owazy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa dokma toplumynyň işewür zenanlary, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we dürli kärlerde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyşlara giň orun berildi. Etrabyň Merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Daňatarowanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Aýbölek Hojamgulyýewanyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda ene-mamalarymyzyň yhlas-paýhasyndan, ýadawsyz zähmetinden dörän ajaýyp halylarymyzyň milli gymmatlyklarymyzyň arasynda aýratyn orun tutýandygyny buýsanç bilen bellediler. Olaryň belleýşi ýaly, müňlerçe asyrlaryň dowamynda sünnälenip kemala gelen türkmen halysy deňsiz-taýsyz sungatdyr. Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe bu ajaýyp sungatyň sarpasy has-da belende galdy. Bu günki gün halkymyzyň köňül arzuwlaryny, hal-ahwalyny, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny, türkmen tebigatynyň gözelliklerini çeperçilik bilen beýgeldýän türkmen halysy ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawynda-da görnükli orun alandyr.

Aýdym-sazly dabara

Ýaňlansyn dünýäde çaga gülküsi Golaýda etrapdaky iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji çagalar bakja-bagynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Ýaňlansyn dünýäde çaga gülküsi!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, etrap bilim bölüminiň wekilleri etrapdaky 8-nji, 2-nji, 9-njy, 7-nji çagalar bakja-baglarynyň terbiýeçileri we körpejeleri gatnaşdylar.

Watanyň ýüregi sen, Aşgabat!

Golaýda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Gül Diýaryň ýüregi sen, Aşgabat» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarydyr mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gülläp ösýän ata Watanymyzyň ösüşleri hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatda guralan çykyşlarda bellenilişi ýaly, paýtagtymyz geçen sanlyja ýyllarda tanalmaz derejede özgerdi. Häzirki wagtda paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlaryny, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak işleri batly depginlerde alnyp barylýar.   

Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny — 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.