Bagta badalgaly günler

28 Maý 2024
290

25-nji maý. Bu jümle her birimiziň köňlümizde ömrümizdäki iň ýakymly günler bilen bagly ýatlamalary oýarýan bolsa gerek. Islendik ýaşda bolsaň hem, «uçurym» diýen täsin we täsire baý jümlä gözüň kaklyşanda, ýüregiňde duýga örklenen üýtgeşik oýlar peýda bolýar. Ynsan ömrüne bezeg çaýyp, ony mertebelendirýän pursatlaryň biri hem «Soňky jaň» dabarasy bilen bagly. Her birimiziň ykbalymyzdan üzňe bolmadyk bu dabaraly pursatlar hakydamyza keşde kimin gaýalyp, gursagymyzyň töründe ornansoň, «uçurym» diýlen ýazgyny görenimizden, ýaşlyk ýyllarymyza sary ýatlamalara berlenimizi duýman galýarys.

Ajap döwrümiziň bagtyýar ýaşlarynyň — uçurymlarynyň ýüz-gözündäki buýsanja nazaryň kaklyşanda we olaryň ýüreklerindäki hoşallyga beslenen sözlerini diňläniňde, kalbyň kanagat tapyp, durkuň ekezlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsan ykbalyny gülletmek baradaky belent başlangyçlarynyň netijesi ömürleri galkyndyryp, göwünleri dokundyrýar, ýurt kuwwaty we nesil dowamaty saýylýan ýaşlarymyzy bolsa belent badalgaly maksatlara ruhlandyrýar.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.