Watanyň ýüregi sen, Aşgabat!

28 Maý 2024
175

Golaýda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Gül Diýaryň ýüregi sen, Aşgabat» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarydyr mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gülläp ösýän ata Watanymyzyň ösüşleri hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatda guralan çykyşlarda bellenilişi ýaly, paýtagtymyz geçen sanlyja ýyllarda tanalmaz derejede özgerdi. Häzirki wagtda paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlaryny, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak işleri batly depginlerde alnyp barylýar.   

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».