Bagtyýar çagalygyň mekany

29 Maý 2024
314

Tejen etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň guramagynda etrapdaky 30-njy çagalar bagynda “Bagtyýar çagalygyň mekany” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabara körpe nesliň wekilleri gatnaşdy.

 Dabarada şanly sene mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy, çagalar bagyna gatnaýan körpeler ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymdyr goşgulary bilen çykyş edip, öz başarnyklaryny görkezdiler. Joşguna beslenen şol çykyşlarda ýaş nesliň beýik döwrümize bolan buýsanjy aýdyň ýüze çykdy.

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.