Hoş gal, mekdep ýyllarym!

28 Maý 2024
278

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tamamlanan 2023-2024-nji okuw ýylynda welaýatymyz boýunça ýaşlaryň 11 müň 67-si mekdep uçurymlary bolup, bilim ojaklary bilen hoşlaşdy. Şoňa görä-de, «Soňky jaň» dabaralary şol bagtyýar ýaşlar üçin tolgundyryjy pursatlara baý boldy.

Welaýatymyzyň göreldeli mekdep uçurymlary günüň ir säherinde Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebe baryp, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet aganyň nurana ýadygärligine gül goýmak çäresine gatnaşdylar. Mekdep uçurymlary watançy esger, halypa mugallym, ilhalar ynsan bolan bu beýik şahsyýetiň ruhuna tagzym edip, ýadygärlige baharyň ter güllerinden boglan çemenleri goýdular. Soňra bilim ojagyndaky muzeýe aýlanyp gördüler.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.