Arassa agyz suwy — ýaşaýşa gönezlik

28 Maý 2024
245

Suw — ýaşaýşyň çeşmesi, suw — diriligiň gözbaşy, suw — barlygyň berekedi. Şonuň üçin-de, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Suw halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmagyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridir. Şeýle bolansoň, garaşsyzlyk ýyllarynda iri taslamalaryň onlarçasy — suw arassalaýjy kärhanalaryň, suw howdanlarynyň we beýleki desgalaryň taslamalary durmuşa geçirildi. Ilatyň ýaşaýyş dowamaty, saglygy bilen baglanyşykly şeýle işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de yzygiderli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda häzirki zaman suw arassalaýjy desgasynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem şaýatlyk edýär.

Bu desganyň suw howuzlarynda jemlenýän arassa agyz suwy iki ugur boýunça akdyrylyp, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna ýetirilýär. Desgada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň iň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy arassa agyz suwuna bolan elýeterliligi üpjün etmekde, ulgama häzirki zaman suw arassalaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň netijesidir. Şeýle tagallalar ýurdumyzda agyz suwy bilen baglanyşykly işleri ýokary derejede alyp barmaga, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Ysmaýyl Tagan,
žurnalist.