Türkmeniň nepis halysy – asyrlaryň owazy

28 Maý 2024
250

Babadaýhan etrabyndaky Dokma toplumynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Türkmeniň nepis halysy — asyrlaryň owazy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa dokma toplumynyň işewür zenanlary, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we dürli kärlerde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyşlara giň orun berildi. Etrabyň Merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Daňatarowanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Aýbölek Hojamgulyýewanyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda ene-mamalarymyzyň yhlas-paýhasyndan, ýadawsyz zähmetinden dörän ajaýyp halylarymyzyň milli gymmatlyklarymyzyň arasynda aýratyn orun tutýandygyny buýsanç bilen bellediler. Olaryň belleýşi ýaly, müňlerçe asyrlaryň dowamynda sünnälenip kemala gelen türkmen halysy deňsiz-taýsyz sungatdyr. Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe bu ajaýyp sungatyň sarpasy has-da belende galdy. Bu günki gün halkymyzyň köňül arzuwlaryny, hal-ahwalyny, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny, türkmen tebigatynyň gözelliklerini çeperçilik bilen beýgeldýän türkmen halysy ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawynda-da görnükli orun alandyr.

Gurtgylyç BEKIÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Babadaýhan etrap birleşmesiniň başlygy.