Zenan dünýäsi: dostlukly ýollaryň ynam daragty

28 Maý 2024
403

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary göwünlere gözellik, kalba ruhubelentlik berýän joşguny bilen has täsirli hem ajaýyp. Bu aýda taryhy wakalar, göwün galkyndyryjy toý-baýramlar goşa-goşadan geldi. Paýtagtymyzda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň geçirilmegi we onuň bilen sazlaşyp, ugurdaş dowam eden wakalar hem bu aýyň ýatdan çykmajak çäreleriniň hataryny baýlaşdyrdy. Ahal welaýat häkimligi bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum — hyzmatdaşlygyň täze ugry» atly maslahat hem şol forumyň taryhy ähmiýetine bagyşlandy.

Maslahatyň geçirilýän ýerini milli röwüşli gözellige beslenen baýramçylyk gurşawy görke getirdi. Medeniýet öýüniň gül düşelen ýaly, gyrmyzy halyly eýwany sergi meýdançasyna öwrüldi. Onuň görnükli ýerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplaryny, Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda neşir edilen şygyr diwanlaryny hem-de ruhy baýlygyň çeşmesi bolan ençeme beýleki kitaplary öz içine alýan kitap sergisi gurnalypdyr. Döwre şekilinde goýlan tekjelerde bolsa, haly-palas hem-de sowgatlyk önümler, göze gelüwli torbalar, ketenä salnan milli nagyşlar we amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalary, şol sanda, zergärçiligiň sepgitlerini görkezýän milli röwüşli gymmatlyklar ýer alypdyr. Çeper elli aýal-gyzlar kä gazal aýdyşyp, käte-de henek atyşyp, haly-kilim dokamagyň, ýüp işip, alaja örmegiň, jähek kakmagyň, nagyş çekip, keşde gaýamagyň ýerine ýetiriliş usullaryny görkezdiler. Giň sahnada bolsa, welaýatyň sungat ussatlarydyr çeper höwesjeňleriň çykyşy dowam etdi.

Gülsere JUMAÝEWA,
žurnalist.