Beýik geljegiň ak ýolunda

29 Maý 2024
360

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatly özgertmeleri — parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň we röwşen geljegiň aýdyň dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalaryň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlanan maslahata Mejlisiň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen ösüş-özgerişleriň üstünlikli dowam edýändiginiň örän buýsandyryjydygy nygtaldy. Maý aýynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr we paýtagtymyzda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy hem-de ilata ýokary hilli hyzmat etmegi üçin täze, döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat bermegi ýurdumyzda ähli işleriň adam hakyndaky aladadan gözbaş alýandygyny görkezýär. Mundan başga-da, halkyň amatly, ýokary hilli ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge niýetlenen desgalaryň hatarynda merjen şäherimiz Aşgabatda iki gatly 136 sany kottej jaýlar toplumynyň hem-de işewürlik binalarynyň 8-siniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlendigi nygtaldy.

(Ýörite habarçymyz).