"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ýaryş gyzykly geçdi

Gökdepe etrabyndaky 9-njy orta mekdepde stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde geçen bu ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guraldy. Ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşa orta mekdeplerden toparlar gatnaşyp, öz aralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Okuwçy ýaşlaryň ussatlygyny duşuşyklaryň her biri aýdyň ýüze çykardy.

Dünýä ýaň salan sport baýramy

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty uly üstünliklere beslendi Bu gün ak mermere bürenen Aşgabadyň ady dünýä dolýar. Nusgalyk derejesi, örän guramaçylykly geçirilmegi bilen halkara sport jemgyýetçiliginiň ünsüni türkmen paýtagtynda jemlän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

Ussatlyk ýaşa bagly däl

Okuwçy gyzymyz «dünýä çempiony» diýen ada eýe boldy Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini dabaralandyrýan nobatdaky taryhy waka boldy. Bu dünýä çempionatyny Türkmenistanyň milli ýygyndysy altyn medal bilen tamamlady. Ýokary derejede geçen Kuraş boýunça dünýä çempionatyna 45 döwletden 181 türgen gatnaşdy. Juda çekeleşikli we tolgundyryjy pursatlara baý bolan çempionatda ezber türgenlerimiz jemi 15 medal gazanmagy başardylar. Olaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş, 4-si bolsa bürünç medallardyr.

Pariže tarap ýene bir ädim

Dört medal, şol sanda bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medal. Bu sanlar ýurdumyzyň agyr atletikaçylarynyň ýakynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen Gran-pri ýaryşynda gazanan netijelerinden habar berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň wekilleri 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artdyrjak abraýly ýaryşlaryň ýene birinden ýokary netijeler bilen dolanyp geldiler. Türkmen türgenleriniň altyn medalyny Şahzadbek Mätýakubow gazandy. Türgen ýaryşda 96 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ol ştangany silterläp götermekde 167, itekläp götermekde 204, iki görnüşiň jemi boýunça 371 kilogram netije bilen bir altyn we bir kümüş medalyň eýesi boldy.

Futbol boýunça birinjilik

Änew şäherindäki sport mekdepde futbol boýunça welaýatymyzyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi tarapyndan guralan ýaryşa welaýatymyzyň dürli ýerlerinden 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjeklerden düzülen toparlar gatnaşdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli guralan ýaryşyň esasy maksady ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmekden, güýçli toparlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybarat boldy. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde Ak bugdaý etrabynyň ýetginjek futbolçylary we Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň topary finala çykdylar. Bu iki toparyň arasyndaky aýgytlaýjy duşuşyk uly gyzyklanma döretdi.

Ýaş pälwanlar güýç synanyşdy

Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebinde Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň meýilnamasy esasynda türkmen milli göreşi boýunça 2006-2009-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Çekeleşikli tutluşyklara baý bolan ýaryşda 40 kilogram agramda Pena Idmanow, 45 kilogram agramda Serdar Baýmyradow, 50 kilogram agramda Pälwan Çarygulyýew, 55 kilogram agramda Nurgeldi Hojagulyýew, 60 kilogram agramda Hekim Nurberdiýew, 65 kilogram agramda Atajan Babalyýew, 70 kilogram agramda Şagadam Myratnyýazow, 70 kilogramdan ýokary agramda Mergen Jumaýew ýeňiji boldular. Ýaryşyň jemi boýunça toparlaýyn hasapda Gökdepe etrabynyň pälwanlary birinji, Tejen etrabynyň pälwanlary ikinji, babadaýhanly pälwanlar bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Güýçli toparlar üstün çykdy

Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebinde geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen basketbol ýaryşy geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň meýilnamasy esasynda sportuň 3x3 basketbol U 16 görnüşi boýunça 2007-2008-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda welaýatyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşa welaýatymyzyň etraplaryndan toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Ýaryşa çekeleşikli häsiýet mahsus boldy. Onda ussatlygyny görkezen toparlaryň arasynda Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebiniň topary has güýçlüdigini subut edip, ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýeňijilere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sport

Woleýbolçylaryň ýaryşy Arkadagly Serdarymyz ýaşlar baradaky aladany üns merkezinde saklap, olara döwrebap bilim, terbiýe bermegi, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi baş wezipeleriň biri edip goýýar. Ýurdumyzyň ýagty ertiriniň eýeleri bolan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna” laýyklykda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Diplomat bolmagy ýüregine düwen ýaş türgen

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Dürdäne Nazargylyjowa. Sport — parahatçylygyň ilçisi. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Türkmenistanda sport diplomatiýasyna aýratyn üns berilýär. Has anyk aýtsak, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan türkmen türgenlerine içerki we halkara ýaryşlara taýýarlanmak üçin ähli şertler döredilýär, dünýäni birleşdiriji güýç bolan sporta ýaş nesli has-da gyzyklandyrmak babatda uly tagallalar edilýär. Guwandyryjy tarapy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem özleriniň ýeňişleri bilen mynasyp goşant goşýarlar. Gazetiň şu sanynda şeýle ýaşlaryň biri, karateniň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, karate boýunça 1-nji derejeli sport ussady, TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Dürdäne Nazargylyjowa bilen taýýarlanylan söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.

ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyry tamamlandy

Geçen hepde futbol boýunça Ýewropa çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyry tamamlandy. Toparçalaýyn tapgyryň ahyrky aýlawynda birnäçe garaşylmadyk netijeler, ýatda galyjy rekordlar we antirekordlar hasaba alyndy. «Mançester Ýunaýted» toparçany birbada 3 sany antirekord bilen jemledi

Hal­ka­ra Stol ten­ni­si fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bi­ler­me­ni aşgabatda okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­ny geç­irdi

«7/24. tm» № 51 (186) 18.12.2023 Paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Stol ten­ni­si fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da yk­jam okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy guraldy.Fe­de­ra­si­ýa bu äh­mi­ýet­li çä­rä­ni Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň hem-de Hal­ka­ra Stol ten­ni­si fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (ITTF) ýar­da­my esa­syn­da gu­ra­dy. Şeý­le­lik­de, bu ýer­de Hal­ka­ra Stol ten­ni­si fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň hal­ka­ra bi­ler­me­ni, Ga­za­gys­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si hem-de ýaş­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň uly tä­lim­çi­si Ýew­ge­niý Tim­çen­ko­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da stol ten­ni­si bo­ýun­ça yk­jam tür­gen­le­şik­ler ge­çil­di.

Gyş­ky oýun­lar­dan söh­bet aç­sak...

«7/24. tm» № 51 (186) 18.12.2023 Gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry to­ma­şa­çy­la­ry özü­ne çek­ýän bü­tin­dün­ýä sport baý­ra­my­dyr. Dört ýyl­dan bir ge­zek dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­den ge­len ýo­ka­ry de­re­je­li tür­gen­ler gyş­ky spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şip, ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler. Gyş­ky Olim­pi­ýa dü­şün­je­si­ni hä­zir­ki za­man Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny esas­lan­dy­ry­jy fran­si­ýa­ly jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri ba­ron Pýer de Ku­ber­ten gi­ri­zip­dir. Ol 1900-njy ýyl­da bo­lan Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na ba­gyş­la­nan kong­res­de aý­ra­tyn hal­ka­ra ýa­ryş hök­mün­de gyş­ky sport oýun­la­ry­ny gu­ra­ma­gy tek­lip edip­dir. Gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry il­kin­ji ge­zek 1924-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Şa­mo­ni şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýär.

Futbol. Ýaşlar birinjiligi jemlendi

«7/24. tm» № 51 (186) 18.12.2023 Türk­me­nis­ta­nyň Ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň klub­la­ry­nyň ýaş­lar dü­züm­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da­ky fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi­niň 25-nji tap­gy­ry ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­le­ri­ni kes­git­le­di.

Türk­me­n boks­çu­lary Olim­pia­da taý­ýar­lan­ýar­lar

«7/24. tm» № 51 (186) 18.12.2023 Boks bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry 2024-nji ýyl­da Pa­riž­de geç­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na yk­jam taý­ýar­lan­mak mak­sa­dy bi­len, Şym­kent (Ga­za­gys­tan) şä­he­rin­de okuw-tür­gen­le­şik ýyg­na­ny­şy­gy­ny geç­ýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» topary Aziýadaky 44-nji synagyna çykýar

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary şu gün AFK-nyň ýaryşlarynda 44-nji synagyna çykar. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary yklym ýaryşlarynda diňe AFK-nyň kubogyna gatnaşyp gelýär. Yzda galan 43 duşuşykda Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 17 ýeňşi, 10 utulyşy bar. Topar 16 duşuşygy deňlikde geçirdi. Şol duşuşyklarda garşydaş derwezelere 66 gol geçiren «Altyn asyr» öz derwezesinde 54 gol gördi.

Bedenterbiýe we sport - bagtyýar durmuşyň girewi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, dünýä medeniýetiniň möhüm gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýar. Bedenterbiýe we sport, sport bäsleşikleri dünýä jemgyýetçiligini jebisleşdirýän hem-de ösüşe, dostana gatnaşyklara ruhlandyrýan güýçdür. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň saglygy ugrunda toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta, we ýaşlar syýasatyna uly üns berilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, olary has irki döwürden sporta höweslendirmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça geçirilýän işler aýratyn many-mazmuna eýedir. Sportuň, bedenterbiýe hereketleriniň çagalaryň, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine edýän täsiri diýseň uludyr.

Ajaýyp stadiondaky dabaraly çäre

Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň ajaýyp stadionynda geçirilen dabaraly çäre Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlanyp, ol welaýat futbol federasiýasy, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň komiteti tarapyndan guraldy. Çärede çykyş edenler ýygnananlary baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar, nebitçileriň, gazçylaryň, geologiýa işgärleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän, Diýarymyzda sportuň ösmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Lala Şöhradowa Şri-Lankadan iki medal bilen dolanyp geldi

Dänewli küştçi Lala Şöhradowa 20 ýaşa çenli ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatyny iki medal bilen tamamlady. Ozal hem habar berşimiz ýaly, küştçi gyz ýaryşyň çalt oýnamak görnüşi boýunça bürünç medalyň eýesi boldy. Soňra ol küştüň blis görnüşi boýunça-da üstünlik gazandy. Zehinli küştçi bu görnüşde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Çempionata dünýäniň 7 döwletinden türgenleriň 90-dan gowragy gatnaşdy.

Sport

Ýaş türgeniň üstünligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň ösdürilmeginde uly işler bitirilýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň sport abraýy arşa çykýar. Bu hakykaty türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri doly subut edýär. Munuň özi ýurdumyzda sport syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine subutnamadyr.

Döw­let­li Di­ýa­ryň çem­pion per­zent­le­ri

Hiç ha­çan ha­ky­daň­dan öç­me­ýän müd­det­le­re pur­sat di­ýil­ýär. Kä­bir wa­ka­lar bol­sa pur­sat­la­ryň tu­tuş top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýär. Mer­jen paý­tag­ty­myz­da no­ýabr aýy­nyň 23-in­den 28-ne çen­li ara­lyk­da ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ha­ky­da­lar­da he­mi­şe­lik ýa­şa­jak pur­sat­la­ra ju­da baý bol­dy. Bu pur­sat­lar gu­ra­ma­çy­ly­gyň we tür­gen­le­ri­mi­ziň çy­kyş­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si bi­len berk bag­ly­dyr. Şu çempionat nämäni subut etdi, bilýäňizmi? «Diýar» düşünjesi diňe bir adamlaryň ýaşaýan toplumyna degişli däl eken. Adamlardan başga-da, parahatçylygyňam, dostlugyňam, sportuňam Diýary bolup biljek eken. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan, ine, şu belentlikleriň üçüsiniň hem Diýary! Aslynda, biziň ýurdumyz bagt paýlamak üçin gelen bagt guşunyň soň örküni üzüp bilmeýän, baky düşelge edinýän mesgeni. Mundan 10 ýyldan gowrak ozal käbir sebitleýin ýaryşlar bilen türkmen Diýarynda düşlän sport indi bu ýurtdan örküni üzüp bilenok. Häli-şindi gelip düşleýär. Barmak büküp sanalsa, soňky 10 ýylyň içinde ýurdumyzda halkara derejeli sport ýaryşlarynyň 20-si dagy geçiriläýen eken. Olaryň iň täzesi, elbetde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty.