Ajaýyp stadiondaky dabaraly çäre

15 Dekabr 2023
450

Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň ajaýyp stadionynda geçirilen dabaraly çäre Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlanyp, ol welaýat futbol federasiýasy, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň komiteti tarapyndan guraldy.

Çärede çykyş edenler ýygnananlary baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar, nebitçileriň, gazçylaryň, geologiýa işgärleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän, Diýarymyzda sportuň ösmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».