Döw­let­li Di­ýa­ryň çem­pion per­zent­le­ri

15 Dekabr 2023
388

Hiç ha­çan ha­ky­daň­dan öç­me­ýän müd­det­le­re pur­sat di­ýil­ýär. Kä­bir wa­ka­lar bol­sa pur­sat­la­ryň tu­tuş top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýär. Mer­jen paý­tag­ty­myz­da no­ýabr aýy­nyň 23-in­den 28-ne çen­li ara­lyk­da ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ha­ky­da­lar­da he­mi­şe­lik ýa­şa­jak pur­sat­la­ra ju­da baý bol­dy. Bu pur­sat­lar gu­ra­ma­çy­ly­gyň we tür­gen­le­ri­mi­ziň çy­kyş­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si bi­len berk bag­ly­dyr.

Şu çempionat nämäni subut etdi, bilýäňizmi? «Diýar» düşünjesi diňe bir adamlaryň ýaşaýan toplumyna degişli däl eken. Adamlardan başga-da, parahatçylygyňam, dostlugyňam, sportuňam Diýary bolup biljek eken. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan, ine, şu belentlikleriň üçüsiniň hem Diýary! Aslynda, biziň ýurdumyz bagt paýlamak üçin gelen bagt guşunyň soň örküni üzüp bilmeýän, baky düşelge edinýän mesgeni. Mundan 10 ýyldan gowrak ozal käbir sebitleýin ýaryşlar bilen türkmen Diýarynda düşlän sport indi bu ýurtdan örküni üzüp bilenok. Häli-şindi gelip düşleýär. Barmak büküp sanalsa, soňky 10 ýylyň içinde ýurdumyzda halkara derejeli sport ýaryşlarynyň 20-si dagy geçiriläýen eken. Olaryň iň täzesi, elbetde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.