Ýaryş gyzykly geçdi

20 Dekabr 2023
272

Gökdepe etrabyndaky 9-njy orta mekdepde stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde geçen bu ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guraldy.

Ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşa orta mekdeplerden toparlar gatnaşyp, öz aralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Okuwçy ýaşlaryň ussatlygyny duşuşyklaryň her biri aýdyň ýüze çykardy.

Maral AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň hünärmeni.