Pariže tarap ýene bir ädim

20 Dekabr 2023
337

Dört medal, şol sanda bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medal. Bu sanlar ýurdumyzyň agyr atletikaçylarynyň ýakynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen Gran-pri ýaryşynda gazanan netijelerinden habar berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň wekilleri 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artdyrjak abraýly ýaryşlaryň ýene birinden ýokary netijeler bilen dolanyp geldiler.

Türkmen türgenleriniň altyn medalyny Şahzadbek Mätýakubow gazandy. Türgen ýaryşda 96 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ol ştangany silterläp götermekde 167, itekläp götermekde 204, iki görnüşiň jemi boýunça 371 kilogram netije bilen bir altyn we bir kümüş medalyň eýesi boldy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».