Ýaş pälwanlar güýç synanyşdy

18 Dekabr 2023
522

Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebinde Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň meýilnamasy esasynda türkmen milli göreşi boýunça 2006-2009-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Çekeleşikli tutluşyklara baý bolan ýaryşda 40 kilogram agramda Pena Idmanow, 45 kilogram agramda Serdar Baýmyradow, 50 kilogram agramda Pälwan Çarygulyýew, 55 kilogram agramda Nurgeldi Hojagulyýew, 60 kilogram agramda Hekim Nurberdiýew, 65 kilogram agramda Atajan Babalyýew, 70 kilogram agramda Şagadam Myratnyýazow, 70 kilogramdan ýokary agramda Mergen Jumaýew ýeňiji boldular.

Ýaryşyň jemi boýunça toparlaýyn hasapda Gökdepe etrabynyň pälwanlary birinji, Tejen etrabynyň pälwanlary ikinji, babadaýhanly pälwanlar bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Döwletnyýaz DURDYGULYÝEW,
Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebiniň müdiri.