Güýçli toparlar üstün çykdy

18 Dekabr 2023
843

Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebinde geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen basketbol ýaryşy geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň meýilnamasy esasynda sportuň 3x3 basketbol U 16 görnüşi boýunça 2007-2008-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda welaýatyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşa welaýatymyzyň etraplaryndan toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Ýaryşa çekeleşikli häsiýet mahsus boldy. Onda ussatlygyny görkezen toparlaryň arasynda Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebiniň topary has güýçlüdigini subut edip, ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýeňijilere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Begmyrat MYRADOW,
Tejen etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.