Bedenterbiýe we sport - bagtyýar durmuşyň girewi

16 Dekabr 2023
211

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe we sport sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, dünýä medeniýetiniň möhüm gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýar. Bedenterbiýe we sport, sport bäsleşikleri dünýä jemgyýetçiligini jebisleşdirýän hem-de ösüşe, dostana gatnaşyklara ruhlandyrýan güýçdür. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň saglygy ugrunda toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta, we ýaşlar syýasatyna uly üns berilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, olary has irki döwürden sporta höweslendirmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça geçirilýän işler aýratyn many-mazmuna eýedir. Sportuň, bedenterbiýe hereketleriniň çagalaryň, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine edýän täsiri diýseň uludyr.