Ussatlyk ýaşa bagly däl

20 Dekabr 2023
795

Okuwçy gyzymyz «dünýä çempiony» diýen ada eýe boldy

Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini dabaralandyrýan nobatdaky taryhy waka boldy. Bu dünýä çempionatyny Türkmenistanyň milli ýygyndysy altyn medal bilen tamamlady. Ýokary derejede geçen Kuraş boýunça dünýä çempionatyna 45 döwletden 181 türgen gatnaşdy. Juda çekeleşikli we tolgundyryjy pursatlara baý bolan çempionatda ezber türgenlerimiz jemi 15 medal gazanmagy başardylar. Olaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş, 4-si bolsa bürünç medallardyr.

«Güneş».