DÜZÜMLEÝIN DESGALARYŇ AÇYLYŞY

20 Oktýabr 2021
2100

2021‑nji ýylyň 25-nji aprelinde ilkinji gezek bilelikde bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäklerinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň, şeýle hem, teleköpri arkaly beýleki düzümleýin desgalarynyň Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň – açylyş dabaralary geçirildi.Täze desga Köpetdagyň eteginiň gözel künjekleriniň birinde guruldy, çünki bu ýeriň tebigaty şol maksatlar üçin amatly bolup durýar. Toplumyň çäginde dolandyryş binasy, işgärler üçin bina, barlag-goýberiş nokady, dynç almak üçin ýer göz öňünde tutulan. Şeýle hem it ýatagynyň hojalyk binalarynyň ikisi, her biri 20 orunlyk ithanalar, itleri naharlamak üçin kömekçi jaýlar, weterinar gullugynyň bölümleri we izolýator üçin bina guruldy. Bulardan başga-da, toplumda itleri gezdirmek, şeýle hem görkezme çykyşlary üçin 1 müň tomaşaçy orunlyk münberi bolan ýörite meýdança bina edildi. Onuň golaýynda türgenleşik meýdançasy bar, onda itlere baş öwretmek we tälim bermek üçin niýetlenen päsgelçilikler zolagy göz öňünde tutulan. Awtoulaglar üçin duralgalar, şol sanda itleri daşamak üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglara niýetlenen duralgalar, tehniki we beýleki kömekçi desgalar bar. Toplumyň wezipesine itleriň howpsuzlygyny we oňaýly saklanylmagyny üpjün etmek, onuň gaçmak ýa-da oňa şikes ýetmek mümkinçiliginiň öňüni almak, weterinar lukman tarapyndan gözegçilik etmek we degişli kömegi bermek, zerur bolan halatynda itleri öz wagtynda iýmitlendirmek, arassa howada gezdirmek, sanitariýa-arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek işleri girýär.Türkmen alabaýy häsiýetli aýratynlyklary bilen birnäçe müňýyllyklara barabar döwrüň synagyndan geçmegi başardy. Baý ram çylyk dabarasynda — «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de türkmen alabaýynyň hormatyna guralan döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy.Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açary,ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy. Bäsleşigiň ýeňijileri çeken zähmetlerine berlen ýokary baha we itşynaslygyň ösdürilmegine berilýän uly üns üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen alabaýynyň bütin dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine tagallalaryny we ukyplaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar. Soňra Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylary birleşdiren teleköpri geçirildi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde dag eteginiň gözel künjeginde bina edilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkezi 1 gektar meýdany eýeleýär. Karantin merkezi 30 orunlyk bolup, onuň çägindäki ugurdaş we kömekçi desgalarda alabaýlar üçin giň şertler we mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Daşary döwletlerden getirilen zooweterinar enjamlaryny, şol sanda ultrases enjamy, umumy barlag toplumy, gan almak üçin enjamlar toplumy, biohimiki analizator, gematologik enjamlar, sanly rentgen enjamlary, barlag laboratoriýa ulgamy, portatiw rentgen ulgamy, parazit seljeriş toplumy, itler üçin mikroçipler we beýleki enjamlar bu merkeziň ýokary mümkinçiliklerinden habar berýär. Karantin merkezinde işgärler üçin hem amatly we oňaýly iş şertleri göz öňünde tutulypdyr. Tehniki enjamlar, aragatnaşyk, internet we wideogözegçilik ulgamlary bu ýerde işleri sazlaşykly alyp barmaga mümkinçilik berýär. Aşgabat, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda açylyp ulanylmaga berlen täze ýöriteleşdirilen merkezleriň her biriniň umumy tutýan meýdany 1 gektara deň bolup, şolarda sergi meýdançasy, münberler, işgärler üçin dolandyryş binasy, it ýatagynyň hojalyk binalary, 2 – 6 aýlyk güjükleri saklamak üçin ýerler, ithanalar hem-de itleri ýuwmak üçin hammamlar, weterinar hyzmaty we izolýator nokatlary ýerleşdirilipdir. Bu ýerde alabaýlar bilen seçgi-tohumçylyk işlerini talabalaýyk alyp barmaga, olaryň biologiýasynyň aýratynlyklaryny hem-de gylyk-häsiýetlerini içgin öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilipdir. Şeýlelikde, ilkinji gezek bilelikde bellenilen goşa toýuň – Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň jemleýji gününde uly dabara bilen açylyp ulanylmaga berlen döwrebap desgalar Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda itşynaslygyň ylmyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilen maddy-enjamlaýyn binýadynyň dünýä ülňülerine doly laýyk getirilendigini bütin äleme buşlady.

Narly NURYÝEW
«Türkmeniň nusgalyk alabaýy».