Garaşsyzlygyň ⅩⅩⅩ ýyllyk şanly toýuna

20 Oktýabr 2021
1841

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesine esaslanýan, parahatsöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň barha rowaçlanmagy netijesinde, yurdumyzyň ykdysady kuwwaty günsaýyn artyp, halkara abraý-mertebesi barha pugtalanýar. Indi Türkmenistan dünýä derejesinde depginli ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, hemişelik Bitaraplyk daşary syýasatyny ýöredýän döwlet hökmünde doly ykrar edildi. Ýurdumyzyň her bir güni toýdur-baýramlara şatlyk-şowhuna beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy ýurdumyzda giňden bellenilip, baýramçylyk mynasybetli açylyp ulanylmaga berilýän desgalaryň sany günsaýyn artýar. Garaşsyzlyk – bu biziň baş baýramymyz. Biz oňa buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris.Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr. Mukades Garaşsyzlyk baýramymyzyň göwün galkyndyryjy ýakymly howasy durmuşymyzy gurşap aldy. Bu günler bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýan her bir raýatyň ýüregi Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşly sözlerden püre-pürdür. Garaşsyzlyk! Sen biziň ilimize egsilmez bagt bolup geldiň, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyň, güýjümize güýç goşup, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup dolduň! Bu baýram bagtyýarlyk döwründe döwletimizi gülledip ösdürmek we öňümizde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň adalatly, ynsanperwer we parahatsöýüjilikli döwlet syýasatynyň barha dabaralanmagy, döwletimiziň daşary syýasatynyň strategiýasyny düzýän aýdyň meýiller, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary saklamak ýörelgeleri parahatçylyga hem-de deňhukuklylyga, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine has-da giň, netijeli ýollary açýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarda uly üstünlikler gazanýan ýurdumyz Milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşleriň belent sepgitlerine sary ynamly gadam urýar. Türkmen jemgyýetiniň içki sazlaşygynyň kämilleşmegine, raýatlaryň ruhy-medeni ýokary göterilişiniň üpjün edilmegine, olaryň aň-düşünjesiniň düýpli özgermegine, şahsyýet bilen önümçiligiň arasyndaky baglanyşyklaryň düýbünden täze häsiýete eýe bolmagynda hem-de ýokary derejelere göterilmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetiniň bimöçberdigini hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda yzygiderli nygtaýar. Bir söz bilen aýdylanda, Garaşsyzlyk biziň jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň ruhunyň, aňyýetiniň täzelenmegine, täze jebis sazlaşyklaryň emele gelmegine, raýatlarymyzyň önümçilige we durmuşa bolan garaýyşlarynyň çuň üýtgemegine giň ýol açdy. Şeýle döwletli döwrana merdana halkymyz Garaşsyzlygyň gazanylmagynyň netijesinde eýe boldy. Şonuň üçin-de naýbaşy milli baýramymyz bolan Garaşsyzlyk güni ýüreklere ylham, kalplara joşgun bagyşlap, uly toý dabaralaryna, şatlyk-şowhuna beslenýär. Döwletli–bagtyýar, agzybir-asuda, jebis-parahat, altyn deýin şuglaly – nurana, kümüş deýin halal – päkize, rysgal-bereketli, ajaýyp-görkana döwrana ýeten, toýdur baýramlara beslenen bolelin durmuşyň hözirini görüp, baky bagtyň gujagynda erkana ýaşaýan zähmetsöýer halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly zähmet sowgatlary bilen gelýär. Şeýle ajaýyp Watanyň ogul-gyzy bolup ýaşamak, merdana ömür sürmek, il-günüňe, ýurduňa öz ömrüňi baky örklemek, gör, neneňsi bagt! Bize bu ajaýyp hem bagtly durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Ata Watanymyzy belentden-belent ösüşlere ýetiren, merdana hem zähmetsöýer halkymyzy bir supra jemlän adyl-parasatly Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç
bolsun!

Kemal NAZAROW
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy