Ýurdumyzda türkmen alabaýynyň taryhy yzlary hem-de milli itşynaslyk tejribeleriniň gözbaşlary barada gymmatly maglumatlary aýan edýän dürli döwürlere degişli tapyndylar örän köp ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda
Altyndepe ýadygärliginiň arheologiýa mirasy aýratyn ähmiýetlidir.Altyndepe ýadygärligi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň 3 km gündogarynda ýerleşýär. Ýadygärlik gadymy Mäne we Çäçe derýalarynyň arasynda ekerançylaryň we maldarlaryň gadymy obasynyň çäginde döredilipdir. Bu gadymy ýadygärlikde düýpli gazuw-agtaryş işlerini geçiren arheolog, akademik W.M.Masson «Altyndepe» atly ylmy monografiýasynda ýadygärligiň döreýşi we onda ýaşaýşyň dowam eden döwürlerinde gazanylan medeni galkynyşlar barada şeýle ýazýar: «Biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllygyň ikinji ýarymyndan başlap Mäne we Çäçe derýalarynyň kenarlary gadymy ekerançylar tarapyndan özleşdirilip başlanýar. Netijede, bu sebitde gadymyýetiň iri oturymly ekerançylyk merkezleri bolan Altyndepe hem-de Ýylgynlydepe ýadygärlikleri döreýär».Altyndepeden ýüze çykarylan arheologik tapyndylar diňe bir eziz Watanymyzyň köp müňýyllyk taryhyny däl,eýsem, tutuş Orta Aziýa sebitiniň şöhratly geçmişini öwrenmekde ylmy taýdan iňňän wajyp ähmiýete eýedir. Sebäbi Altyndepe tutuş sebitde bürünç metalynyň ilkini ulanylyp başlanan senetçilik merkezleriniň biridir. Adamzat nesli tarapyndan bürünç metalynyň ulanylyp başlanmagy bolsa dünýä medeniýetiniň ösüşinde düýpli özgerişi, medeni galkynyşy amala aşyrýar. Şoňa görä-de, gadymy dünýäniň ösen siwilizasiýasyny ilik-düwme öwrenmekde bürünç
metalynyň ilkinji ulanylyp başlanan ýeri bolan Altyndepeden tapylan gymmatlyklaryň ähmiýeti diýseň uludyr.Dünýäniň ylmy jemgyýetinde Altyndepe türkmen alabaýynyň arheologiýa mirasyny öwrenmekde hem iň köp maglumatlaryň ýüze çykarylan arheologiýa ýadygärlikleriň biri hökmünde aýratyn orna mynasypdyr. Çünki şanly taryhymyzda ilkinji dörän Oguz döwletiniň paýtagty hökmünde şöhratlanýan Altyndepede maldarçylygyň, şol sanda itçiligiň milli tejribeleriniň gözbaşlaryna dahylly örän ähmiýetli ylmy subutnamalar ýüze çykaryldy. Bu ugurda önjeýli işleri alyp baran belli taryhçy Ö.Gündogdyýew «Tazy we alabaý (Türkmen itleriniň tohumy)» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Hut altyndepeli itçiler biri-birine örän ýakyn bolan ýerli itleriň dürli görnüşleriniň jübütleşdirilmegi netijesinde biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllykda häzirki wagta çenli “Türkmen alabaýy” diýlip şöhratlanyp gelen tohum iti ýetişdirmegi başarypdyrlar». Alymyň bu pikiri Altyndepede ýaşaýşyň dörän müňýyllyklaryndan öňki eýýamlarda durmuşyň gülläp ösen Jeýtun we Änew ýadygärliklerinden ýüze çykarylan alabaýyň äpet göwreli irki tohumlary bilen gadymy itleriň görnüşlerini jübütleşdirip, häzirki çopan itleriniň tohumyny döredendiklerini habar berýär. Altyndepeden ýüze çykarylan heýkeller hem-de gadymy itleriň süňk galyndylary bu irki şäher-döwletinde ýaşan atalarymyz tarapyndan göwresi kiçi, emma örän çalasyn, hüşgär itleriň tohumlaryny-da ýetişdirendigini tassyklaýar. Bu barada ylmy barlaglary geçiren akademik W.Masson özüniň ýokarda ady agzalan kitabynda şeýle ýazýar: «Altyndepeden ýüze çykarylan itleriň süňk galyndylarynyň käbiriniň göwresi şagalyňkydan uly däldir».Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly çuňňur mazmunly ylmy-pelsepewi kitabynyň 220-nji sahypasynda keremli topragymyzda türkmen alabaýynyň hem-de aw tazysynyň sap ganly tohumyny döretmek üçin parasatly atalarymyzyň irginsiz yhlas-zehininiň siňdirendigini tekrarlap, şeýle ýazýar: «Alabaýlaryň örän gadymylygyna Kaka etrabynda ýerleşýän Altyndepe arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan bürünç döwrüne degişli itiň palçykdan ýasalan şekilleri şaýatlyk edýär. Gulaklarynyň kelte, guýruklarynyň kesik bolmagy olara häzirki zaman türkmen goýun itleriniň gadymy ata-babalarynyň şekiliniň subutnamasydyr diýmäge esas berýär. Çünki hiç bir halkda itlere türkmenleriňki ýaly şeýle yhlas bilen seredilmändir. Birnäçe asyrlaryň dowamynda türkmenler sakçy itleriň, ýagny goýun itleriniň hem-de çalasyndan algyr aw tazylarynyň ajaýyp tohumlaryny kemala getiripdirler. Türkmen itleriniň asla gaýtalanmajak ajaýyplyklaryny türkmen arwanasy hem-de meşhur ahalteke atlary bilen ýaýdanman bir hatarda goýsa bolar». Häzirki wagta çenli ýüze çykarylan gulak-guýrugy kesilen alabaýyň keşbi şekillendirilen iň gadymy heýkelleriň Altyndepeden tapylmagy, diňe bir milli itşynaslygyň taryhy üçin däl, eýsem, dünýä kinologiýasy üçin aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi bu şekiller diňe bir türkmen alabaýynyň daşky sypatynyň aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlary habar bermän, eýsem, itiň gulak-guýrugyny kesmek ýörelgesiniň mundan bäş müň ýyl ozal dörändigini, has takygy, itşynaslygyň ösüşiniň baý tejribeleriniň örän irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň «Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim» atly bölüminde bu barada şeýle ýazýar: «Günorta Türkmenistanda bürünç asyrynyň şäherjigi bolan Altyndepede Türkmenstan SSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy W.M.Massonyň ýolbaşçylygynda geçirilen ekspedisiýalarda gadymy şäherde biziň eýýamymyzdan ozalky II müňýyllygyň başynda adamyň golaýynda öz alamatlary boýunça türkmen itlerine ýakyn itleriň ýaşandygy anyklanyldy. Şol jandarlar şekillendirilen palçyk heýkeljikleriň (statuetkalaryň) tapyndylary bolsa şol wagtlar hem itleriň gulaklaryny we guýruklaryny kesmek däbiniň bolandygyna hem-de şol wagtky itleriniň häzirki zaman türkmen itlerine, daşyndan göräýmäge, örän meňzeş bolandygyny görkezýär».Mälim bolşy ýaly, 1960–1970-nji ýyllarda Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde sap ganly gadymy alabaý itine degişli şeýle möhüm ähmiýetli heýkeljikleriň onlarçasy ýüze çykaryldy. Geçirilen ylmy derňewler olaryň ýasalan döwrüniň miladydan öňki III-II müňýyllyklara degişlidigini anyk subut etdi. Heýkeljiklerde şekillendirilen giň döşli we ortaça ölçegdäki göwreli, tumşugy beýleki itleriňki bilen deňeşdirilende gysga, şeýle hem äpet kelleli tohum itler gadymyýetiň jümmüşinden häzirki döwre gelip, türkmen alabaýynyň sypatyna laýyk gelýändigini doly tassyklady. Hakykatdan hem alymlara bu heýkellerdäki şekillendirilen itleriň daýaw keşbi, şeýle hem Altyndepede gazuw-agratyş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan itleriň süňkleriniň käbiriniň iriligi hem türkmen alabaýynyň sap ganly tohumynyň taryhyny öwrenmek üçin tutarykly maglumatlary eçilýär. Şundan ugur alyp, Altyndepede ýetişdirilen iri süňkli, gulak-guýrugy kesilen, äpet kelleli, berdaşly aýakly alabaýlaryň çopançylyk, sakçylyk maksatlarynda ulanmagyň baý tejribesiniň emele gelendigini tekrarlap bileris.Bu barada akademik W.M.Masson “Altyndepe” atly ylmy kitabynda şeýle ýazýar: “Altyndepeli çopanlaryň ýakyn kömekçisi bolan itleriň süňkleri iri, äňi äpet hem-de tumşugy gysga bolupdyr. Ýüze çykarylan heýkeljiklerde berk bedenli, göwresi inedördül, tumşugy gysga, gulagy hem-de ýokary galyp duran guýrugy kesilen gadymy itiň ajaýyp keşbini mesaňa synlap bilýäris”.Ýadygärlikde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işlerine gatnaşan alym N.M.Ýermolaýewanyň ýüze çykarylan gadymy heýkellerdäki şekillendirilen itiň keşbi barada gelen ylmy netijesi hem milli itşynaslyk tejribesinde gulak-guýrugyny kesmek ruhy ýörelgesiniň Altyndepede dörändigi baradaky pikirimizi goldaýar. Alym 1977-nji ýylda çap edilen «Türkmenistanyň gadymy ilatynyň durmuşyndan habar berýän haýwanlaryň heýkelleri» ( Животные в скульптуре в жизни древнего населения Туркменистана) atly makalasynda bu barada şeýle ýazýar: “Altyndepeden tapylan heýkeljikler türkmen alabaýynyň biziň günlerimize çenli gelip ýeten gulak-guýrugyny kesmek ýörelgesi, baryp, mis-daş eýýamynda hem meşhur bolupdyr”.Mundan başga-da, Altyndepede dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan laýdan ýasalan heýkellerde itiň gulaklarynyň we guýrugynyň gysgaldylandygyny anykladýan şekillendirmeleri hem-de şeýle heýkelleri örän kämil ýasamak üçin aýratyn yhlas-zehiniň siňdirlendigi anyk görünýär. Bu bolsa altyndepelileriň ruhy dünýäsinde itiň keramatly jandar hökmünde arzylanandygyny hem-de şu döwürlerde itiň gulak-guýrugyny kesmek ýörelgesiniň bolandygyny habar berýär. Ylmy seljermeleriň tassyklaýşy ýaly, keramatly hasaplanylýan jandarlaryň heýkellerine örän ýokary hormat goýlupdyr. Adatça olary ybadat dessurlarynda ulanypdyrlar, mukaddes ojagyň gymmatly bezegi hökmünde öýüň töründe ýörite taýýarlanan tagçada oturdypdyrlar, kiçi görnüşlerini doga-tumar şaý-sepi hökmünde ulanypdyrlar. Görnüşi ýaly, Altyndepede milli itşynaslyk tejribeleriň gözbaşlaryny öwrenmek, parasatly pederlerimiziň türkmen alabaýynyň naýbaşy tohumyny seçmek, sap ganlylygyny gorap saklamak boýunça ylmy taýdan örän baý maglumatlary habar berýär. Bu ygtybarly deliller gadymy Oguz ýurdunda kemala gelen türkmen alabaýynyň dünýä ýüzündäki abraýyny şöhratlandyrmakda iňňän wajyp ähmiýetlidir. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çägindäki Altyndepäni etekläp oturan gadymy Mäne we Çäçe obalarynda sap ganly türkmen alabaýynyň naýbaşy tohumyny ýetişdirmäge aýratyn üns berilýändigi hem-de hut şu taryhy obalarda meşhur alabaý itleriniň kemala gelýändigi diýseň buýsandyryjydyr. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli itşynaslygy ösdürmekde alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.