Wepaly

18 Oktýabr 2021
2007

Gadym zamanlarda gum içindäki obalaryň birin- de ömrüni goýun yzynda geçiren çopan bar eken. Çagalykdan çopançylyga baş goşansoň, onuň hakyky ady ýatdan çykyp, ýaşuly-ýaşkiçi hemmeler oňa “Çopan aga” diýip ýüzlenipdirler. Sürini ýeke özi bakýanam bolsa, ol obada ýygy-ýygydan görner eken.Obadaşlarynyň ýasyna, toýuna gatnaşypdyr, ýöne uzak eglenmän, duýdansyz gelşi ýaly, duýdansyz hem sürüsiniň ýanyna gidipdir. Günleriň birinde obada uly toý tutulypdyr. Bagşynyň ýakynynda dünýäni unudyp aýdym diňläp oturan çopana gözi düşen degimsiziň biri ara böwşeňlik düşen badyna:– Çopan aga, “Çopana meýlis haram” diýýäler welin, obanyň bir ýerinde tüsse çyksa, ilki sen tapylaýýaň. Süriňi kime ynanyp gaýdýaň? Ýa mal bakýan diýip, bizi aldap ýörmüň? – diýip, ýoknasyzyny diýip goýberipdir. Ses gelen tarapa agraslyk bilen sereden çopan:– Men ilki-hä, käbirleri ýaly “Bu gün nireden garnymy doýrarkam?”diýip ýörenlerden däl. Ikinjidenem, meniň toýumy sowjak, ýasymy geçirjek, kyn günümde dogan ornunda durup biljek adamlar şu oturanlar. Sürini bolsa dostuma tabşyryp gaýtdym – diýipdir. Ýaňky adam ýene-de: -Bu zamanlarda bir süri goýny ynanar ýaly dostuň bolup biljekdigine men-ä ynanamok. Şol dostuň kimkä? Bizem bilip goýaýsak... –diýipdir. Çopan:– Ol meniň türkmen alabaý itim. Adyna-da Wepaly diýýäler, adyna mynasypdyr. Ynanmasaň, barlap göräý – diýen dessine hälki adam böküp ýerinden turupdyr we itiň gözüne çöp atyp, çopanyň sürüsinden bir goýny getirmegi wadalaşyp, toýdan çykyp gaýdypdyr. Öýüne gelipdir-de, itiň öňüne oklap, hile gurmak üçin bir bölek et alypdyr. Öz janyny goramak üçin düýesini münüp, ýüzüni garaňka tutup, ýola rowana bolupdyr. Bagşy diňläp hezili bolmadyk çopan hem “süriňden bir goýun getirerin” diýeniň janyndan howatyrlanyp, öýüne gelägede, eşegine münüp, goşa tarap gyssagly eňipdir. Atlyny atyndan agdarmagy, düýelini düýesinden ýykmagy başarýan Wepaly sürä ýakynlaşyp gelýän howpy aňan badyna, düýäniň gelýän tarapyna ok bolup atylýar. Düýäniň üstünde oturanyň huşy başyndan uçup, janyndan umydyny üzen wagty çopan ýetişip gelipdir. Eýesiniň uzakdan: “Wepaly! Ýat!” diýen buýrugyny eşiden türkmen alabaý iti düýä topulmasyny bes edipdir.Aýtmaklaryna görä, il içinde masgara bolanyna puşman eden kişi köpçülikde çopanyň gözüne görünmekden çekinip gezipdir. Türkmeniň alabaý iti bolan Wepalynyň bolsa tarypy dillerden düşmändir.

A.Abdyllaýew
Kerki etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň mugallymy.