Halkymyzyň geçmiş taryhyna syn etseň, türkmen alabaý itlerini ýetişdirmegiň juda baý tejribesiniň kemala gelendigini görmek bolýar.Türkmen alabaý tohumyndan bolan itler öý sakçysy, goýun iti, emläk sakçysy, kerwen sakçysy etmek maksady bilen ýetişdirilipdir. Biz goýun itlerini ýetişdirmegiň halk tejribesi dogrusynda gürrüň etmekçi bolýarys. Goýun itleri Garagum çölünde mal bakýan çopanlaryň wepadar kömekçisi, sürüniň goşuň ynamdar sakçysy hökmünde juda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şonuň üçinem türkmen alabaý itleriniň hemmesi goýun iti bolup bilmändir. Goýun itleri möjek bolsun ýa-da başga bir ýyrtyjy bolsun, tapawudy ýok, olar bilen darkaş gurup bilýän, daýaw, batyr itler bolupdyr. Şeýle itleri güjükliginden saýlap ýetişdiripdirler. Goýun itini ýetişdirmegiň başy mynasyp güjügi seçip almakdan ybarat bolupdyr. “Iti güjük wagty saýla” diýlip, halk pähiminde aýdylýar.
Goýun iti üçin güjük saýlananda itiň ilkinji gezek dogandaky güjükleri alynmandyr. Sebäbi itiň ilkinji gezek dogýan güjüklerini adamlar düwünji atlandyrypdyrlar. Düwünjileriň ejiz bolýanlygy üçin olardan goýun itini ýetişdirmek maksady bilen güjük tutulmandyr. Güjük dörtden köp güjük dogmadyk itlerden saýlanypdyr. Eger it bir gezekde dörtden köp dogan bolsa, onda ol hem goýun iti üçin ýaramsyz hasaplanypdyr. Goýun iti üçin üç güjük dogan itiň güjügini saýlamak has gowy görlüpdir.