Howa maglumaty

5 Awgust 2021
1196

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35 %.