Täsin tapyndy

29 Iýul 2021
1112

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ekspozisiýasy arkaly Diýarymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsi, ýurduň tebigy baýlyklary, gazylyp alynýan minerallar bilen giňden tanyşmak bolýar. Ekspozisiýanyň birinji bölüminde eýýamlar we Ýeriň ösüş taryhynyň döwürleri giňden görkezilýär. Türkmenistanyň çäklerinden tapylan her döwrüň özüne degişli bolan daşa öwrülen, gadymy eýýamlarda ýaşap geçen jandarlaryň, ösümlikleriň galyndylary, olaryň yzlary we ülňüleri görkezilýär. Bu ýerde Paleozoý döwrüne degişli 270 million ýyl üstünden geçen daşa öwrülen agajy synlamak has-da gyzykly.

Gadymy döwürlerde adamlar daşa öwrülen tapyndylary tapanda, olaryň gelip çykyşyny anyklap bilmändirler. Adaty ýok bolup giden jandarlaryň galyndylary fiziki we biologiki ýagdaýda dargamak bilen bolýar, emma käbir ýagdaýlarda bellibir şertlerde haýwanlar we ösümlikler ýa-da olaryň bölekleri Ýeriň gatlaklarynda saklanyp galýar. Organiki galyndylaryň çökündileri ýer gatlagynyň aşagyna düşüp, howa ýetmänsoň, saklanyp bilýär. Olaryň içi laý, çäge, toprak bilen dolup, wagtyň geçmegi bilen daşa öwrülýär. Käbir ýagdaýlarda haýwanlardyr jandarlar we ösümlikler batgalyga, deňizlere, torfa, köllere we derýalaryň syrgynlaryna düşen ýagdaýynda dargaman saklanyp galýar. Çökündiler bilen bilelikde ýer gatlaklarynyň aşagyna düşüp, güýçli basyşyň we temperaturanyň netijesinde olar minerallaşyp daşa öwrülýär.

Güljemal ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiriniň orunbasary.