Oňurgasy odundan, her kim içer süýdünden

29 Iýul 2021
1155

Guýular halkymyzyň ata-baba ýaşaýyş-durmuş şertiniň aýrylmaz bölegidir. Olar gadymy suwaryş hem-de agyz suwy bilen üpjünçilik desgalarynyň bir görnüşi hökmünde bellidir. Tutuş çägi boýunça alnanda, Jeýhun, Murgap, Tejen, Etrek ýaly ululy-kiçili derýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň tebigy suw üpjünçilik desgalarynyň üstüni ata-babalarymyzyň paýhasy bilen oýlanyp tapylan we ösdürilen daglyk ýerlerden pese inýän kärizler, düzlük, sähralyk ýerlerde gazylan guýular uly orun tutupdyr. Häzirki günlerimizde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen suw üpjünçilik desgalary has-da kämilleşdirilýär.

Ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip, miras galdyran guýy gazmak sungatynyň hünärmenleriniň gürrüňlerini diňläniňde, onuň hem juda çylşyrymly senetdigine göz ýetirmek bolýar. Guýy gazmaga örän sagdyn hem ussat, dogumly adamlar saýlanypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň birinji kitabynda Garagumuň jümmüşinde müňlerçe guýularyň bardygy, ýöne şolaryň süýji suwlularyny bilýän ýörite ýolbelet adamlaryň bolandygy bellenilýär. Ol ýoldan geçen söwda kerwenleriň süýji suwly şol guýularyň ýerleşýän ýerini bilýän ýolbeletleri ýanlary bilen alyp gidendigini Gahryman Arkadagymyz öz kitabynda belläp geçýär.

Aýnabat ALLAGULYÝEWA,
Ahal welaýatynyň Kaka şäherindäki 20-nji orta mekdebiň mugallymy.