Tebigatyň aýdymy

27 Iýul 2021
1144

Makalanyň adyny ilki «Türkmen tebigatynyň baýlygy» diýip atlandyrasym geldi. Soňra bolsa «baýlygy» sözüni «aýdymy» diýen söze çalyşdym. Aýdymdan belentde näme bolup biler?! Ähli gözellikler, gowulyklar aýdymda jemlenýär ahyry.

Şu ýylyň bahary salkyn geldi. Martda-da gar ýagdy. Gül açan baglaryň güllerini ak garyň büräp durşuny göreniňde: «Bu ýyl hasyl neneň-niçik bolarka?» diýip, alada etdirmänem durmady. Emma tebigatyň öz täsin hem inçe syrlary bar. Her gün işe gaýdýan ýolumda ösüp oturan alma agajyny synlap geçmek endigim bar. Ine, gülleri garda galan alma agajynyň düwen miwelerini görüp haýran galanym çyn. Megerem, almanyň güllerini gowy görýänligimdendir. «Gülüň ählisem gowy ahyry» diýersiňiz. Ýöne erigiň, almanyň, şetdalynyň gülleri has owadan bolýar.

Aýjemal OMAROWA