Tebigatyň goýnunda

22 Iýul 2021
1037

Telewideniýede işleýän döwrüm Barsagelmez, Goturdepe barada eşitsem-de, ol ýerleri görmek arzuwym esli wagtlap, dürli sebäplere görä yza süýşdi ýördi. Ahyr bir gün awgust aýlarynda ökde operator Güýç Suhanlyýew hem-de režissýor Kuwwat Saparow bilen döredijilik saparyna ýola düşdük.

Balkanabatdan ilerligine külterläp barýan “RAF” kysymly awtoulagyň aýnasyndan töweregi synlap barşyma, çölüň beýhuş edip barýan gözel keşbine aşyk bolup otyryn. Edil suratkeşiň eseri ýaly ajaýyp görnüşler erkiňi eliňden alýardy. Ýoldaşlarymam seslerini çykarman, tebigatyň şeýle owadanlygyna maýyl bolup otyrdylar. Operator ýigidimiz howanyň yssydygyna garamazdan, aram-aram ulagdan düşüp, sähranyň has ajaýyp görnüşini ýazgy edýärdi.

Jumaberdi ARTYKOW,
žurnalist.