Gül­dan­da ös­ýän agaç

22 Iýul 2021
1055

Her hal­kyň özü­ne mah­sus me­de­ni­ýe­ti, gym­mat­lyk­la­ry bar. Ýa­po­ni­ýa­nyň hem baý me­de­ni­ýe­ti, ta­ry­hy we däp-des­sur­la­ry bar. Bu ýur­da mah­sus bo­lan agaç ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek sun­ga­ty­na «bon­sai» di­ýil­ýär. Bu agaç da­şar­da, açyk ho­wa­da däl-de, edil otag ösüm­li­gi ýa­ly gül­dan­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Agaç gül­da­na eki­lip, ony pu­da­mak, ýö­ri­te şe­kil ber­mek ar­ka­ly be­zeg ösüm­li­gi eme­le ge­ti­ril­ýär. Bon­sai sö­zi ýa­pon­ça­da­ky «bon» (ta­bak) we «sai» (agaç) söz­le­rin­den eme­le ge­lip­dir. As­lyn­da bon­sainiň ada­ty agaç­lar­dan tapawudy ýok. Adat­ça, ar­ça agaç­la­ryny gül­da­na eki­p, ony pu­dap, oňa dür­li şe­kil ber­ýär­ler. Em­ma bu sun­ga­tyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy, ol edil te­bi­gat­da ösüp otu­ran uly aga­jyň ki­çi gör­nü­şi­ne meň­ze­me­gi we adam eli­niň de­gmedik ýaly bolmagy. Ösüm­lik bi­len gül­da­nyň reň­ki, na­gyş­la­ry hem saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­me­li.

Tun­berg sos­na­sy («Pi­nus Thun­ber­gii»), ýa­pon ak ar­ça­sy («Pi­nus Parvifo­lia»), hy­taý ar­ça­sy, el şe­kil­li klýon («Acer Pal­ma­tum») we çy­nar ýa­ly agaç­lar bon­sai üçin has amat­ly ha­sap­lan­ýar.