Haýwanat dünýäsinden

21 Iýul 2021
1028

Düýeguşuň ýumurtgasynyň agramy 1,5 kilogram bolup, ony bişirmek üçin azyndan 40 minut gaýnatmaly.
* * *
Sargan balygynyň süňkleri ýaşyl reňkde bolýar.
* * *
Žiraflar gury ýer haýwanlarynyň içinde iň uly ýürekli we ýokary gan basyşly jandar hasaplanylýar. Olaryň dili gara reňkde bolup, 45 santimetre ýetýär.
* * *
Piller 4 sany dyzçanakly ýeke-täk jandardyr.
* * *
Ýunuslar bir gözüni açyp uklaýarlar.
* * *
Läheňleriň ýüregi minutda 9 gezek urýar.
* * *
Suwulganlar maşgalasyndan bolan hameleon dilini öz göwresiniň uzynlygynyň ýarysyna çenli aralyga uzadyp bilýär. Mundan başga-da onuň gözleri biri-birine bagly bolmazdan dürli tarapa seretmäge ukyplydyr. Bu bolsa hameleona bir wagtda kellesini gymyldatmazdan dürli tarapa seretmäge mümkinçilik berýär.
* * *
Dünýäde iň uly süýreniji deňiz krokodilidir.
* * *
Gury ýeriň 70 göterimini bakteriýalar eýeleýär.

Taýýarlan Azamat MURADOW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň tebigaty goraýjy inspektory.