Pallasyň pişigi

21 Iýul 2021
1565

Täsinliklere baý bolan türkmen tebigatynyň üýtgeşik jandarlarynyň biri-de pişikler maşgalasynyň kiçijik ýyrtyjy wekili manuldyr. Ol täsin, akylly, gizlin we örän seresaply jandardyr. Onuň daşky keşbi adaty pişige meňzeş, ýöne gabarasy ondan iri bolup, uzynlygy takmynan, 7 santimetr töweregi bolan ösgün tüý örtülen.

Manul pişikler maşgalasynyň wekilleriniň içinde iň dykyz tüýlüsi hasaplanylýar. Manulyň beden ölçegi 50 — 65 santimetr aralygynda, uzyn, tüýlek guýrugy bolsa 30 santimetr töweregi bolup bilýär. Onuň örän berk, gysga penjeleri bardyr. Ýaňagyndaky özboluşly sakgaly manulyň daşky keşbini gaharjaň, rehimsiz şekilde görkezýär. Kellesi giň we ýaýbaň bolup, kiçijik gulaklary tegelejik we gözleri sary reňklidir. Manulyň bedeniniň reňki açyk çalymtyl reňkden sary-goňur reňkler aralygynda üýtgäp durýar. Tüýleriniň uçlary edil üstüne gar ýagan ýaly ak reňklidir. Bu ýyrtyjy jandaryň beden agramy 2—5 kilogram aralygyndadyr. Onuň dişleri we dyrnaklary örän ýiti bolýar.

Nurmyrat DÖWLETOW,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň uly ylmy işgäri.