Tyllaýy tomsuň tarypy

21 Iýul 2021
1115

Altyn öwüşginli tomus! Seniň sargylt keşbiň kalbymyza zer şuglasyny çaýdy-da, dünýämizde orun aldy. Ylham akarymyza bat, ir-iýmişlere dat berip gelen paslym, sen köňülleriň bossanysyň, joşgunly göwünleriň dessanysyň! Tomus gelende, dünýä zerewşan keşbe girýär. Tomsuň howry eneleriň ýyly mähri ýaly gyzgyn. Howry bilen ene topragyň hasylynyň bitginli bolmagyny üpjün edýän bu ajap pasla neneňsi tarypnama aýtsaňam sazlaşyp dur. Çünki bu pasyl miwedir ir-iýmişleriň, gök we bakja ekinleriň bol hasyl berýän möwsümi. Ol tebigatyň nygmatlaryny bolluk bilen eçilýän bu döwründe ynsan kalbynda umman deý kanagatlanma döredip, olary iň bagtyýar duýgulara duş edýär. Şeýle hem tomus — dynç alşyň pasly. Dynç almaga ilgezik göwnümiz her tomusda Awazanyň joşgunly kenaryndaky gözelliklerden gananda juda üýtgeşik duýgulardan pürepürlenýär.

Hawa, gülgüzar ülkämizde tomus pasly dowam edýär. Onuň kalba ýakynlygy hakynda depderimize täsin we täsirli pursatlary nagyşlaýar. Tomsuň tyllaýy şuglasy gülden görkana Aşgabadymyzyň keşbine-de zer keşde çekipdir. Tomus gülleri enaýy görnüşe girizse, daragtlaryň ýapraklaryny çalaja sargylt öwüsdirip, misli şelpeler kimin owazlandyrýar. Tomsuň gyzgynyna ýaş baglar agşamara salkyn howada dessine öňki kaddyna gelýär. Çüwdürimleriň Göge sary telwas edýän gözel görnüşi has-da enaýy. Gülleriň rejelenip ekilmegi juda göze gelüwli. Tejribeli gülçülerdir bagbanlar bilen söhbetdeş bolanyňda, olar ýörite tomsa muwapyk ýaş daragtdyr gülleriň oturdylýandygyny, şeýdibem, görkana paýtagtymyzyň ýylyň islendik paslynda al-ýaşyl öwsüp durmagyny gazanylýandygyny buýsanç bilen gürrüň berýärler.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.