Ýakym-ýaraşykly güller

13 Iýul 2021
1124

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynda bezeg ösümlikleriniň bioekologik aýratynlyklary, olary ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasy we köpeltmegiň usullary öwrenilýär. Botanika bagynyň tropik we subtropik ösümlikleriniň gazna ýyladyşhanasynda ösümlikler toplumynyň esasyny birnäçe maşgalalara we görnüşlere degişli bolan toparlar düzýär. Ösümlikleriň kadaly ösmegi üçin ýagtylyk, howa, ýylylyk we toprakdaky iýmit maddalary wajypdyr. Esasan, subtropik klimatly ýurtlardan gelip çykan otag gülleri ýagtylygy, ýylylygy we çyglylygy gowy görýär. Ösümlikleriň kadaly ösmegi we güllemegi üçin, ilkinji nobatda, ýagtylyk gerek. Şeýle-de bolsa, gülleriň dürli görnüşleriniň ýagtylyga bolan talaby birmeňzeş däl. Aşa ýagtylyk ýa-da onuň ýetmezçiligi ösümliklere ýaramaz täsir edip biler. Ýagtylygyň işjeňligi we dowamlylygy, köplenç, ýylyň möwsümine, günüň dowamlylygyna baglylykda üýtgeýär.

Häzirki wagtda ýyladyşhana şertlerinde Awstraliýanyň ösümligi bolan kallistemonyň bioekologik aýratynlyklarynyň esasynda ony ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasy işlenip düzülýär. Bu bezeg ösümligi owadan gülleri hem-de efir ýagynyň baý çeşmesi bilen tapawutlanýar. Kallistemon düzüminde sitralyň, sitronellolyň, geraniolyň köp bölegini saklaýan ösümlik bolup, parfýumeriýada giňden ulanylýar.

Gülzar BAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň bölüm müdiri.