Künji

9 Iýul 2021
1239

Milli Liderimiz şu ýylyň 18-nji martynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda degişli ýolbaşçylara beren tabşyrygynda alymlar bilen ýerleriň toprak-howa şertlerini öwrenip, ýag alynýan ösümlikleri, esasan-da, günebakary, zeýtuny, künjini ösdürip ýetişdirip, senagat taýdan gaýtadan işlemegiň mümkinçiliklerini seljermegi tabşyrdy. Öňde goýlan bu wezipelerden ruhlanyp, ylmy maglumatlara, halk tejribesiniň gazananlaryna esaslanyp, ilat arasynda giňden peýdalanylýan ekinleriň biri bolan künjiniň agrotehnikasy, halk lukmançylygynda peýdalanyşy barada söz açmagy makul bildik.

Künji gadymy ösümlikleriň biri bolmak bilen, onuň watany Hindistan hasaplanýar. Ol dünýäniň köp döwletlerinde ekilýär.

Otuzmät KAKYŞOW.
Görogly etraby.