Müşki-anbarlar

7 Iýul 2021
955

Gündogar medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň taryhynda atyr öndürmek sungaty köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Arheologiki barlaglaryň netijesinde Gaýly gowakdan tapylan, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki IX-VIII asyrlara degişli gadymy tapyndylar şol döwrüň adamlarynyň ruhy medeniýetini öwrenmäge, olaryň dini ynançlary barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, adamlaryň ysly suwuklyklary (ohra) sepinendikleri barada maglumatlar ýüze çykýar. Bu maglumatlar entek daş asyrynda adamlaryň ys beriji serişdeleri ulanandyklaryna şaýatlyk edýär. Bu bolsa Watanymyzda atyr önümleriniň örän gadymy döwürde ýüze çykandygyny görkezýär.

Gadymy Goňurdepede gazuw-agtaryş işleri geçirilende-de, täsin tapyndylara duş gelinýär. Şunda biziň eýýamymyzdan öňki 1700-1600-nji ýyllarda gonamçylyklardaky tapyndylarda kümüş bilezikler, piliň süňkünden ýasalan darak, pyşbaganyň arka çanagyndan edilen çanak, kümüş bulgur, bürünç gaplar ýaly enjamlara duş gelindi. Bu toplumda iki sany ýüz görülýän aýna, agzy gapakly kosmetiki çüýşe, ýüze reňk çalnan mahaly ulanylýan gap hem tapylýar.