Tebigat — ýaşaýyş

7 Iýul 2021
1279

Dünýäde ekologiýa meseleleriniň üstünlikli çözülmeginde döwletleriň hyzmatdaşlygy nukdaýnazardan, tebigy gurşawy goramak babatdaky halkara konferensiýalaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. 1972-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda geçirilen Stokgolm konferensiýasynda daşky gurşawyň wajyp meselelerine degişli dünýä bileleşiginiň garaýşyny özünde jemleýän Jarnamanyň kabul edilmegi dünýä döwletleriniň we halkara bileleşiginiň ekologik syýasatynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu resminamada ekologiýa ýörelgeleriniň 26-sy kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da, Stokgolm konferensiýasynda daşky gurşawy goramagyň çäreleriniň Meýilnamasy kabul edildi. Ekologiýanyň guramaçylyk, ykdysady, syýasy meseleleriniň döwletleriň we halkara guramalarynyň özara hyzmatdaşlygy esasynda çözülmeginiň ugurlary anyklanyldy. Şu konferensiýa mynasybetli, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda geçirilen 27-nji sessiýasynda kabul eden Rezolýusiýasyna laýyklykda, 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri bu sene her ýyl bütin dünýäde bellenilip geçilýär.

Her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçilikli, tebigata aýawly çemeleşmegi, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine gorap saklamaga işjeň gatnaşmagy zerurdyr. Dünýäniň dürli künjeklerinde Ýer ýüzüniň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köpdürlüliginiň goragyny öz içine alýan medeni we aň-bilim çäreleri ýaýbaňlandyrylýar.

Meňli ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugynyň «Tehnologiýa we innowasiýa» bölüminiň esasy hünärmeni.