Tebigat — biziň öýümiz

7 Iýul 2021
947

Abadan ýaşaýşyň özeni

Adamzady daşky gurşawsyz, tebigatdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Aslyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halky tebigata ysnyşykly, sazlaşykly gatnaşygy durmuş ýörelgesine giňden ornaşdyrypdyr, wagtyň geçmegi bilen has-da kämilleşdiripdir. Daşky gurşawy gorap saklamakda, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmekde, ondan rejeli peýdalanmakda asyrlaryň synagyndan geçen ýol-ýörelgeleri bize miras galdyrypdyr.