Garagum — türkmeniň mukaddes desterhany

7 Iýul 2021
1431

Tebigata mahsus ähli ajaýyplyklar biziň topragymyzda bar. Bir tarapy Köpetdag, beýleki tarapy Köýtendag, Garagum çöli bolsa şol daglara berkidilen sallançaga meňzeýär. Bir seretseňem, çägesine altyn garylan Garagum türkmeniň mukaddes desterhanyna çalym edip dur.

...Açyk meýdan. Arassa howa. Garşyňda ojar odun şatyrdap ýanyp dur. Uzaklara seredýärsiň. Şu ýerden Merkezi Garagum başlanýar.