Howa maglumaty

4 Iýul 2021
1998

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 5-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27...+29° maýyl, gündizine +43...+45° yssy bolar. Howanyň basyşy 726 mm, çyglylygy 5 — 25 %.