Çomuç

4 Iýul 2021
1421

Türkmen topragy ösümlikleriň dürli görnüşine örän baýdyr. Diýarymyzda bolluk bilen bitýän ösümlikleriň biri-de çomuçdyr. Ol ene topragymyzyň ösümlik dünýäsiniň iň täsin görnüşleriniň biri bolup, ýurdumyzda giň ýaýrandyr. Bu ösümlik Garagum çölünde, Köpetdag, Balkan, Köýten daglarynda, Bathyzda köp duş gelip, onuň 20 görnüşi bar. Olaryň käbiri barada durup geçeliň.

Bu ösümligiň käbiriniň boýy 1 — 1,5 gulaja ýetýär. Çomujyň palajy, ýagny ýapragy mes toprakly ýerde ösüp oturan gawun pazylyna meňzeş, palajynyň ortasynda onuň miwesi peýda bolup, ýuwaş-ýuwaşdan çomuja öwrülýär.

Enebaý Amanberdiýewa,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri.